Öňräk öýde otag güllerini suwaryp ýörşüme, olardan çykýan täze ýapraklara geň galmakdan ýaňa doňup galypdyryn. Göz öňümde peýda bolan alamata haýran bolup, gözümi aýryp bilmedim.
Elbetde, gülleri suwarmalydygyny, wagtly-wagtynda ideg eden halatymyzda olaryň has-da gowy ösýändigini biziň hemmämizem bilýäris. Men bu ýagdaýy adamlar bilen baglanyşdyrmak isledim. Eýsem, durmuşda bizi «suwarýan» kim?! Dogry, heniz çaga wagtymyz ata-enelerimiz. Ýöne ulalyp, kemala gelenimizden soňra, biziň özümiz özümize «ideg» etmeli bolýarys. Gowusy, birgiden ýönekeý zatlary sanap oturanymdan, aýtjak bolýan pikirime geçeýin.
Gülleriň ösüşine syn edenimde, olaryň täze ýapraklarynyň çykýan ýerine has-da geň galdym. Ýapraklaryň köpüsi özüniň ösäýmeli ýerlerinden ösýänem bolsalar, asla pikir etmeýän ýeriňden ösýänleri hem az däl (belki-de, şeýle ýagdaýa gülüň özi-de geň galýan bolsa gerek). Tersine, haýsydyr bir zadyň ýetmezçiligi sebäpli ösmeýän ýa-da juda haýal ösýän güllerimiň ýaprak çykaryp biläýjek ýerleri aç-açan görnüp duranam bolsa, ol ýerler şol boşlugyna dur. Pikirimi açyk düşündirmek üçin, onuň sebäbini suwarylmaýandygy diýip alalyň. Diýmek, biz güle suw berip, ideg edenimizde garaşylmaýan ýerden ýaprak çykyp, suwarman, ideg etmedik ýagdaýymyzda çykyp biläýmeli ýerlerinden hem ýapraklar çykmaýan bolsa... onda biz özümiz babatda hem şeýlediris.
Durmuşdan uly özgerişlige garaşyp ýören adamlara az duş gelnenok. Käte özümiňem şeýle ýagdaýa düşýän pursadym az bolanok. Garaşmak, islemek, arzuw etmek dogry, ýöne ýaňky aýdyşymyz ýaly, özümizi «suwarýan» diňe özümiz ahyry! Eger biz özümizi «suwarman», «täze ýapraklara» garaşýan bolsak, onda ol edil idegsiz gülleriňki ýaly netijesiz bolar. Haçan-da özümizi wagtly-wagtynda «suwarsak», onda idegli güllerdäki deý, garaşmaýan ýerimizden täze ýapraklaryň peýda bolmak mümkinçiligi artar.
Geliň, bir mysala seredip göreliň! Beýnini iýmitlendirmegiň — «suwarmagyň» iň esasy usullary täze zatlary öwrenmek, görmek, çözmek we pikirlenmek. Her täze gün täze zatlary öwrenmek juda zerur. Ol hatda seni diňe bir ugur gyzyklandyryp, şol ugurdan ýokary derejä ýetmekçi bolsaň-da zerur! Şahyr Gurbannazar Ezizowyň:
Biz herimiz özümiziň zergärmiz,
Mydam özümizi ýonup ýörmeli
— diýen setirleri hem bize özümizi kämilleşdirmesek, ahyrsoňy küteljekdigimizi ýatladýar.
Diýmek, özüm žurnalist bolup diňe öz ugrumdan gyzyklanmak bilen çäklenmän, onuň daşyndan sport bilen meşgullansam, ýa bolmasa daşary ýurt dillerini, kompýuterde işlemegi öwrensem aňymdan «täze ýapraklaryň» çykmagyna kömek edýär-dä?! Elbetde! Aýdasym gelýän zat hem şol: ýaltanman, her bir eden işiňi bolmalysy ýaly ýerine ýetirip bilseň, üstünlikler hem pikir etmeýän tarapyňdan çykýar!
Ýogsa-da, şol gezek güllerde ýene-de bir zada üns berdim. Solan, guran ýapraklaryň käbirlerini aýyrman goýupdym. Görsem, täze ýapraklar az-kem ulalyp başlanlarynda çüýrän ýapraklar täzelere ymykly «öz orunlaryny» berýän ekenler. Diýmek, bizde hem şeýle. Kimdir biriniň ýetmezçiligimizi ýa-da kemçiligimizi düzederine garaşyp oturmak gerek däl. Goý, az netijeli, biraz ýalňyşrak bolsun: esasy zat hereket etmeli. Wagt geçip, ýalňyşlar düzeler, netijeler bolsa köpeler. Maksat — aňymyzy «suwaryp» bilmek!
Şeýdip hiç hili zat etmän, «guran ýapraklarymyzy» kimdir biriniň ýolup aýraryna garaşyp oturmagyň zerurlygynyň ýokdugyna güllere seredip düşündim...
Taýmaz PIRJANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
“Nesil” gazeti,
15.09.2020ý.