WATAN WE GOŞUN DÜŞÜNJELERI: biri-birinden aýrylmaz bitewülikdir

WATANYMYZYŇ gyzyla barabar her bir daban ýeriniň eldegrilmesizligini üpjün etmekde Ýaragly Güýçlerimize öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, harby işgärleri taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýaragly düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň hem-de özgertmegiň barşyny yzygiderli gözden geçirýär, harby we hukuk goraýjy edaralarynda işleriň ýagdaýyny öwrenip, tehnikalaryň üstüni ýetirip durýar. Harby gullukçylaryň ýokary derejede gulluk etmegine we ýaşaýyş-durmuşynda döwrebap şertleriň döredilmegine aýratyn üns berýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Döwlet serhet gullugynyň düzüminiň üstüni ýetiren «Awaza» serhet galasynyň binalar toplumydyr. Bu serhet galasy söweşjeň we gorag gämileri, katerleri hem-de Türkmenistanyň deňiz serhetleriniň ygtybarly goralmagyna niýetlenen ýörite tehnikalar bilen üpjün edildi.

Geçen aýda milli Liderimiz harby awiasiýanyň maddy-enjamlaýyn kuwwatyny berkitmek boýunça işleriň barşy bilen tanşyp, täze harby dikuçaryny özi gözden geçirmek bilen, onda uçuşy amala aşyrdy.

Türkmenistan döwrüň talaplaryna hem-de diňe goranyş häsiýete eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli Goşunymyzyň ösüşini üpjün edip, öz Bitaraplyk derejesine yzygiderli ygrarlydygyny subut edip gelýär. Bitarap Türkmenistan harby birleşiklere we toparlara girmeýär, aýry-aýry hem-de sebit dawalaryna goşulyşmaýar, şol bir wagtyň özünde hem ýurdumyz halkara terrorçylygyň, ekstremizmiň hem-de adamzada howp salýan beýleki wehimleriň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýazgarýar.

Ýurduň goranyş ukybyny degişli derejede üpjün etmekde söweş ýaraglarynyň täzelenilmegi we döwrebaplaşdyrylmagy harby özgertmäniň möhüm ugrudyr.

Hut şu nukdaýnazardan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji fewralda şturwalyň başynda täze söweşjeň ulagy howada özi synagdan geçirip, dikuçarda bellenen ýere geldi, soňra bolsa ýörite ulagyň başyna geçip, ýakyn ýerlerdäki töwereklere aýlandy. Hormatly Prezidentimiziň döwrebap tehnikalara ussatlyk bilen erk etmegi ýaşlar üçin uly görelde.

Tehniki enjamlaşdyrylyşy hem-de Howa hüjüminden goranyş goşunlarynyň mümkinçilikleri bilen tanşan milli Liderimiz goranyş ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň geljekde hem Ýaragly Güýçleri iň täze, ýörite tehnikalar, ýokary derejeli anyk toplumlar we intellektual ulgamlar bilen enjamlaşdyrmak bolup galýandygyny hem-de serkerdeleriň we esgerleriň üstünlikli gulluk etmegi we abadan durmuşy üçin şertlerini üpjün etmekden ybaratdygyny nygtady.

Dünýäniň iň oňat öndürijilerinden gelip gowşan öňdebaryjy tehnikalar we enjamlar Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça söweşjeň nobatçylygy alyp barmakda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda, ýaş esgerleriň hünär ussatlyk derejesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň watançylyk, merdana türkmen harbylarynyň iň oňat däpleriniň ruhunda terbiýelemekde, täze satyn alynýan tehnikalary ulanmakda, awtoulaga ussatlarça erk etmekde hormatly Prezidentimiz şahsy görelde görkezýär. Milli Liderimiz harby ulgama degişli köpugurly ulag serişdesiniň täze nusgasyny — ýolsuz ýerlerde ulanylýan ulagy ýokary tizlikli häsiýetleri, bat alyp bilşi hem-de özboluşly aýratynlyklary boýunça örän çylşyrymly çarkandakly ýerlerde synag etdi. Milli Liderimiziň ýokary ýol geçijilikli ulagyň mümkinçiliklerine baha bermegi, käbir tehniki aýratynlyklary dogrusynda eden bellikleri goşunyň zerurlyklary üçin ulag serişdeleriniň nobatdaky tapgyry satyn alnanda göz öňünde tutular.

Ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň kepili bolup durýan taktiki okuwlaryň geçirilip durulmagy, harby gullukçylarynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen yzygiderli üpjün edilmegi olaryň Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramakda alyp barýan jogapkärli işlerine goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Çünki Watan we goşun düşünjeleri biri-birinden aýrylmaz bir bitewüdir.

“Nesil” gazeti,

13.02.2018ý.

Meňzeş habarlar