DÖWRI DÖWRANLY DIÝAR

«Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýip, il-günüň aladasy bilen ýaşaýan Gahryman Arkadagymyz halkyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen, sazlaşykly işlenilip düzülen halk bähbitli, döwlet ähmiýetli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiz täze taryhy eýýamda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ýörelgeleriniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu ýörelgeler milli gymmatlyklary ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilip, türkmen halkynyň demokratik gymmatlyklaryny nazarda tutmak arkaly döwletiň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, ilaty mynasyp, döwrebap ýaşaýyş şertleri bilen üpjün etmek, jemgyýetiň ruhy ýagdaýyny kämilleşdirmek, bilimiň, ylmyň we medeniýetiň pajarlap ösmegini gazanmak, ylym-bilimi dünýä ülňülerine gabat getirmek, ýurdy halkara bileleşikleriniň ulgamyna ymykly goşmak ýaly derwaýys meselelerden ybarat boldy. Öňde goýlan bu ýörelgeleriň her biri babatda-da dünýä nusgalyk ägirt uly işleriň durmuşa geçirilendigini-de guwanç bilen bellemelidiris.

«Bizde bilim, ylym we medeniýet durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berýän, jemgyýeti ösdürýän esasy özgerdiji güýç bolmalydyr» diýýän hormatly Prezidentimiz millilige, ruhubelentlige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige, ata-babalarymyzyň belent ruhuna ýugrulan kämil şahsyýeti kemala getirmegi döwletiň esasy maksatlarynyň birine öwürdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzyň bilim, ylym pudagy ösüşiň täze basgançaklaryna çykaryldy, dünýäniň bilim giňişliginde özüniň mynasyp ornuny tapdy. Döwletimiziň ähli künjeklerinde häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklary, sport desgalary gurlup ulanylmaga berildi we olaryň täze tapgyrlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Ylym-bilim ojaklarynyň, terbiýeçilik edaralarynyň ählisi-de kompýuter tehnologiýalary, multimediýa enjamlary, bütindünýä internet aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilýär. «Bagtyýar geljegimiziň girewi bolan ruhubelent, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýelemek biziň baş maksadymyzdyr» diýýän hormatly Prezidentimiz özüniň nusgalyk göreldesi bilen, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, täze, kämil türkmen şahsyýetiniň kemala gelmegi üçin ähli zerur şertleri döredýär.

Alym Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmek, bu ulgamy ylmyň iň soňky gazanan enjamlary we serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň demirgazygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýokanç keseller merkezleri Müdiriýetiniň düzümine girýän birnäçe lukmançylyk edaralarynyň — Merkezi deri-wenerologiki keselhananyň, Inçekeseli bejeriş we öňüni alyş merkeziň, Ýokanç keselleriň öňüni alyş we bejeriş merkeziň, Gan merkeziniň we Merkezleşdirilen barlaghananyň açylandygyna buýsanmak bilen, bu ulgamda halk bähbitli özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini aýratyn bellemelidiris. Aýdanlarymyzy 2013-nji ýylda paýtagtymyzda Stomatologiýa merkeziniň we Infuzion erginlerini öndürmek boýunça kärhananyň işe girizilendigi, 2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara newrologiýa merkeziniň, Morfologiýa merkeziniň, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň hem-de Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkeziniň açylyp, ulanmaga berilmegi-de tassyklaýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Türkmenistanyň gyzzyrma keseli ýok döwletleriň hataryna goşmak hakynda 2010-njy ýylda gelen karary ilatyň saglygyny gorap saklamakda ýurduň gazanan uly üstünliklerine şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimiziň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitine degişli 53 döwletiniň arasynda şeýle sertifikat berlen ilkinji ýurtdugyny ýatlamak diýseň ýakymly. 2016-njy ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy ýurdumyzda gyzamygyň we gyzyljanyň soňuna çykylmagy hakynda halkara güwänamalaryny gowşurdy.

Watanyň Garaşsyzlygyny, topragyň asudalygyny, çagalaryň şadyýan gülküsini adam üçin uly bagt hasaplaýan hormatly Prezidentimiziň asudalygy, parahatçylygy goramaga, azyk, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen sebit we umumadamzat bähbitli başlangyçlary, öňe sürýän teklipleri, olaryň aýratyn täsirliligi dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär we gyzgyn goldawa eýe bolýar. Ol başlangyçlar parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmäge, ählumumy syýasy, howpsuzlyk we ýaragsyzlanmak, durmuş-ykdysady, medeni-gumanitar, azyk howpsuzlygy, ekologiýa ýaly ugurlardaky gaýragoýulmasyz meseleleri netijeli çözmegiň oňyn usullaryny tapmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna gelmegi bilen türkmen medeniýeti-de özüniň ajaýyp galkynyşyny, ösüşini başdan geçirýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen simfoniki sazyň, milli operanyň we sirk sungatynyň täzeden dikeldilendigini, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň döredilendigini, «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mežnun» operasy ýaly milli operalarymyzyň tanyşdyrylyş dabaralarynyň bolandygyny, bu wakalaryň milli saz sungatynyň senenamasyna ajaýyp sahypa bolup ýazylandygyny, ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň we Medeniýet hepdeligini bellemegiň indi däbe öwrülendigini uly buýsanç bilen ýatlamak zerur.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, olary türkmenistanlylaryň gündelik durmuşyna yzygiderli ornaşdyrmaga düýpli üns berilýär. Bu ugurda «Türkmenistanda 2011 — 2020-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak we ösdürmek hakynda Milli maksatnamanyň» çäklerinde dünýä nusgalyk işleriň durmuşa geçirilmegi, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi özüniň garaşylýan oňyn netijelerini berýär. Biz munuň hut şeýledigine 2017-nji ýylda mermer paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň netijeleri boýunça-da aýdyň göz ýetirdik. «Aşgabat 2017» oýunlary ozalky geçirilen Aziýa oýunlaryndan gerim we çäk taýdan düýpli tapawutlandy. Merkezi Aziýa döwletlerinden ilkinji bolup bu oýunlary geçirmäge hukuk alan döwletimizde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawyna atly sportuň — konkuryň we türkmen milli göreşiniň goşulmagy «Aşgabat 2017-ä» aýratyn milli ruh we äheň berdi. Bu abraýly sport oýunlarynda toparlaýyn birinjiligi eýelän türkmen türgenleri türkmen ady bilen birlikde türkmen sportunyň şan-şöhratyny-da dünýä ýaýdylar.

Döwletimiziň ösüşlerindäki gazanylýan ajaýyp üstünlikler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe watandaşlarymyzyň ertirki günleriniň şu günden hem gowy boljakdygyna, öz zähmetleriniň jemgyýete gerekdigine we mynasyp höweslendiriljekdigine bolan ynamlaryny artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň bitiren we bitirýän beýik işleriniň, halkyň eşretli geljeginiň, umumadamzadyň asuda, parahat ýaşaýşynyň hatyrasyna alyp barýan giň gerimli tutumlarynyň halkara ykrarnamasyna eýe bolmagy hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da artdyrýar. Goý, dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, başy dik, belent tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

15.02.2018ý.

Meňzeş habarlar