Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz ýurdumyzyň obadyr şäherlerini, etrap hem-de welaýat merkezlerini döwrebaplaşdyryp ösdürmek maksady bilen şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär.
GÜN nuruna baý topragymyzyň dürli öwüşginli pasyllarynda tebigatymyzyň gözelligi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eçilen gözellikleri bilen sazlaşyp, her bir ynsanyň kalbynda ýakymly duýgulary oýarýar. Köpetdagy etekläp oturan gözel paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi bilen umumy sazlaşygy döredýän mermer binalaryň görki gözellik simfoniýasyny ýada salýar. Olaryň asuda asmanyň astynda bir-biri bilen sazlaşyp durmagy, göýä, parahatçylygyň, asudalygyň sazyny çalyp, bagtyýarlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Olar görlüp-eşidilmedik gözelligi döredip, türkmen tebigatynyň jana şypaly nurly howasyna hasam mylaýymlyk çoýýar. Başy al-asmanda seleňleýän gözel binalar, oklaw ýaly göni köçeler, daş-töweregi bagy-bossanlyga bürenen ýanýodalar göwnüňi göterýär. Her gün bu ýollardan ýöräp barýarkaň, şeýle gözel ülkede, parahat asmanyň astynda, erkana durmuşda ýaşaýandygyňa, işleýändigiňe buýsanýarsyň. Heýem şundan uly bagt bormy?!
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen paýtagt şäherimiz, oba-kentlerimiz tanalmaz derejede ösýär, özgerýär. Ýurdumyz ertekiler dünýäsindäki arzuw edilen jenneti mekana öwrülýär. Her bir täze şäherçelerdir obalaryň, edaradyr kärhanalaryň binalary açylanda, adamlaryň ýüzlerindäki şatlygyny, kalplaryndaky buýsanjyny aýtsana! Bu ösüşleri görüp, gözüň dokunýar, olaryň tarypyny ýetirmäge howlugýarsyň, çünki ol ajaýyplyklaryň özüne çekijiligi ýürekleri joşduryp, zybanlary saýradýar.
Şu ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň edara binalarynyň şeýle hem Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynyň çäginde «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň açylyş dabarasy kalplarda unudylmajak ruhubelentlige beslendi. Baýramçylyk lybasyna bezelen binalaryň ýanynda döredijilik toparlarynyň çykyşlary, estrada aýdymçylarynyň baýramçylyk aýdymlary belentden belent ýaňlanyp, daş-töwerege şatlyk-şowhun paýlady.
Paýtagtymyzyň söwda köçesine öwrülen binalary görsene! Gör, nähili gözellik?! «Adam eli gyzyl gül» diýleni. Kaşaň ymaratlar gündogardan günbatara tarap uzaýan kerwen mysaly. Bu binalary synlanymyzda, olaryň içindäki söwda-satyga gümra bolup ýören üýşmeleň kitaplarda okan türkmen topragyndaky bir wagtky mähelleli bazarlar, söwda-täjirçilik işiniň taryhy merkezleri, şu topragyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly hakyndaky ýazgylar biygtyýar göz öňümizde janlanýar duruberýär. Bu künjekdäki gözel binalar döwrüň gazananlaryny özünde jemläp, milli binagärlik sungatymyzyň özboluşly aýratynlygy, owadanlygy bilen haýran galdyrýar. Dürli öwüşginli «Ak gaýa», «Ak ýaýla», «Döwlet gurluşyk», «Täze jaý», «Salkyn», «Ýüpek ýoly», «Altyn» ýaly ýazgyly ak mermere bürenen söwda nokatlary özleriniň hyzmatlary bilen, aýry-aýry kärhanalaryň öndürýän önümleri bilen halkymyzy begendirerler.
Ýurdumyzda telekeçilige, hususy işe höwes edýänler üçin giň mümkinçilikler döredilýär hem-de bu ugruň ösmegine çäksiz ýol açylýar. Hususy telekeçiligi goldamak, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek maksady bilen hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň meseleleri hakyndaky» Karara gol çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylmaly işleri kesgitledi. Telekeçilere köpräk erkinlik bermek hem-de döwlet kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek we hususylaşdyrmak ýaly işleri güýçlendirmegiň möhümdigi nygtaldy. Bu bolsa telekeçiligi ösdürmek ugrunda öňe ädilen ýene bir ädim.
Häzirki wagtda hususy telekeçilik ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine uly itergi berýär. Maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny, amatly maýa goýum ýagdaýyny, haryt bolçulygyny hem täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün edýär. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna getirýär.
* * *
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynyň çäginde gurlan, ýaýbaň meýdany tutup oturan «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň özboluşly gurluşy bar. Ýigrimi dört gektar meýdany tutýan bu kärhana senagat şäherjigini ýatladýar. Bu toplum birnäçe desgalardan ybarat bolup, aýnanyň hem aýna önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge niýetlenýär. Bölümleriň her birinde dünýä belli, öňdebaryjy kompaniýalaryň häzirki zaman enjamlary oturdylypdyr. Kärhanada gurluşyk hem-de beýleki maksatlar üçin aýna önümleri bilen birlikde, azyk we derman senagaty üçin niýetlenen çüýşe gaplary hem öndüriler. Şeýle hem täze kärhananyň çäginde işlejek hünärmenleriň döredijilikli zähmet çekmegi, oňaýly ýaşaýşy hem-de dynç almagy üçin amatly şertler döredilendigini görüp, göwnüň ganatlanýar.
Şöhratly taryhy bolan bu gadymy toprak sungatyň, binagärligiň, onlarça senetleriň aňrybaş nusgalaryny dünýä peşgeş berdi. Taryhyň gatlaryna ser salanymyzda, Beýik Seljuklar döwletinde çüýşe gap ýasamak has-da ösüpdir. Aşhana we himiki, parfýumeriýa we dermanhana gaplary ýaly önümleriň 40-a golaý görnüşi çykarylypdyr. Owadanlygy bilen gözüňi gamaşdyrýan şaý-sepleriň bezeginde, çyralar, agramlyk daşlar ýasalanda aýna ulanylypdyr. Kiçeňräk tegelek penjire aýnalarynyň öndürilmegi täzelik bolupdyr. XII asyrda ýerli aýna önümçiligi ösüşiň ýokary derejesine çykypdyr. Marguşda, köne Nusaýda aýnalaryň dürli görnüşleriniň tapylmagy bu aýdylanlary tassyklaýar. Şu ýerde bellemeli zat, golaýda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Daňdanakan galasynyň otaglarynyň birinden köp sanly aýna önümleriniň bölekleri we abat saklanyp galan özboluşly çüýşe gaplaryň hem-de ownuk metal gurallaryň birnäçesi tapyldy. Bu zatlaryň hemmesi türkmen topragynda aýna önümçiliginiň baý tejribesiniň bolandygyna şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda oňyn meýiller we täzeçe çemeleşmeler orun alýar. Senagat düzüminiň pudaklaýyn kuwwatlyklaryny, gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilli önümçilik möçberlerini ýokarlandyrmak, senagaty diwersifikasiýa etmek pudagyň sazlaşykly ösüşiniň häsiýetli aýratynlygydyr. Paýtagtymyzda we welaýatlarda durmuş-medeni hem-de senagat maksatly desgalaryň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyz senagat taýdan kuwwatlanýar. Arkadag Prezidentimiziň döwletimizi dünýäde senagat boýunça ösen döwlete öwürmek üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinde ýaşlaryň uly goşantlarynyň bolmagy ýaşlara bildirilýän uly ynamdyr.
Yhlasyň, halal zähmetiň bilen rysgal-döwletiň, abraý-mertebäniň eýesi bolmak üçin döwür çäksiz mümkinçilikleriň gapysyny giňden açýar. Ýere atan dänäniň müň bolup gögerişi ýaly, ukyp-başarnygyň, akyl we zähmetiň sazlaşmagy bilen rysgal-döwletiňi, baýlygyňy artdyrmaga döredilýän mümkinçilikler ykbalyň uly peşgeşidir. Bizi şeýle bagta ýetiren, bize asuda durmuşy bagyş eden hormatly Prezidentimiz bar. Halkymyzy eşretli günlere ýetiren Gahryman Arkadagymyz bar. Ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek üçin ähli işleri durmuşa geçirýän, agzybir ilimizi ak ertirlere alyp barýan milli Liderimiz bar. Bu bolsa biziň buýsançly başlarymyzy asmana ýetirýär.
Mähriban GANDYMOWA,
«Nesil».
17.02.2018ý.












