Döwlet Baştutanymyzyň her bir tutumlarynyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaklyga, bagtyýar, eşretli durmuşyny üpjün etmeklige gönükdirilýändigini bütin aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz 19-njy fewralda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz ilki bilen göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimini çagyrdy. Ol paýtagtymyzyň etraplaryny abadanlaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýurt Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzir howanyň sowuk günleriniň dowam edýändigine ünsi çekip, degişli inžener-tehniki ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy, şeýle-de şu ýyl gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga beriljek binalaryň, desgalaryň sanawyny düzmegi tabşyrdy.
Soňra Ahal welaýatynyň häkimi sebitde inženerçilik ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek, Milli bahar baýramyna — Halkara Nowruz gününe taýýarlyk görlüşi hakynda hasabaty bilen çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişini ýokary hilli we talabalaýyk geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi, Halkara Nowruz gününe gabatlanyp geçirilýän dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurulmagy meýilleşdirilen birnäçe fabrikden, şol sanda egriji, dokma, boýag we tikinçilik fabriklerinden ybarat bolan iri dokma toplumynyň taslamasyny hödürledi. Ýylda inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasyny gaýtadan işlejek, 15 gektar meýdany tutjak bu möhüm senagat desgasyny 2021-nji ýylyň martynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Kaka etrabyndaky dokma toplumyň gurluşygy baradaky Karara gol çekip, desganyň işe girizilmeginiň eksporta iberilýän harytlaryň möçberleriniň artdyrylmagyna başga-da, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna ýardam berjekdigini belledi.
Wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkiminiň welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda welaýatyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän çäreler baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Milli Liderimiz häkime «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny tomusky möwsüme taýýarlamak işlerini üpjün etmek boýunça görkezmeleri berdi. Soňra iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi çagyryldy. Häkim welaýatyň durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek babatda geçirilýän, Milli bahar baýramyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda habar berdi. Ýurt Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki sebitlerine görä, has sowugrak bolýan Daşoguz welaýatynda ýaşaýyş jaýlaryny, mekdeplerdir çagalar baglaryny talabalaýyk ýylatmagyň, elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň has aýratyn talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Lebap welaýatynyň häkimi öz nobatynda sebitiň obasenagat toplumynda, gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, 26-njy fewralda geçirilmegi meýilleşdirilen möhüm çärelere we Milli bahar baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda dowam edýän amatly howa şertlerini ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreleri ýerine ýetirmek üçin netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýene-de birnäçe günden welaýatda ýurdumyz üçin örän ähmiýetli wakalaryň boljakdygyny belläp, olara toplumlaýyn we düýpli taýýarlanmak boýunça görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny çagyrdy, ol «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary bilen geçirilýän şu ýyl mynasybetli Türkmenabat şäherinde guraljak çäreleriň giňden wagyz edilmegine ýardam berýän işleri guramak boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi. Hormatly Prezidentimiz mundan beýläk-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmeginiň uly ähmiýeti barada aýtmak bilen, bu wezipeleriň çözgüdinde, ilkinji nobatda, Watanymyzyň geljegi — ýaş nesle aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi sebitde oba hojalyk işleriniň barşy, welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Milli Liderimiz welaýatda güýzlük bugdaýyň bol hasylyny almak, oba hojalyk tehnikasyny nobatdaky möwsüme öz wagtynda we ýokary hilli taýýarlamak meselelerine ünsi çekdi. Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny hem-de awtomobil ulaglary ministrini çagyrdy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öz nobatynda, awtomobil ulaglary ministri gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Milli Liderimiz ministre her welaýatda awtoterminal gurmak boýunça anyk görkezmeleri berip, awtoduralgalaryň abadanlaşdyrylmagynyň hem-de ýolagçylara döwrebap derejede medeniýetli hyzmat edilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
22.02.2018ý.












