21-nji fewralda ýurt Baştutanymyz iş sapary bilen Mary welaýatyna bardy. Ol ýerde milli Liderimiz ençeme möhüm çäreleriň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat — Turgundy täze demir ýoluny açmak mynasybetli dabaralaryň geçiriljekdigini belläp, ýaşululary öňde boljak taryhy wakalar bilen gutlady. Biziň gazananlarymyz mähriban halkymyzyň abadançylygyny we rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz ýaşululara jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmäge, aýratyn-da, ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek işine goşýan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Ruhyýet köşgünde milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, käbir welaýatlaryň häkimleri özleriniň gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlary bilen çykyş etdiler. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» amala aşyrmagyň barşy, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň Mary şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen 25-nji mejlisiniň gün tertibi, elektroenergetika pudagyny ösdürmek bilen bagly görülýän çäreler, ýurdumyzyň telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işler, döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmek, ýaşlar syýasatynyň wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hasabatlaryň esasyny düzdi.
Şeýle-de importyň ornuny tutýan önümleriň hem-de daşary ýurtlara ugradylýan önümleriň önümçiligini giňeltmek, Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisini hem-de onuň çäklerinde ikitaraplaýyn işewürlik maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk, oba hojalyk toplumynyň dürli ugurlaryndaky işleriň ýagdaýy, mart aýynda geçiriljek medeni çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň tertibi, milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna gözegçilik etmek boýunça görülýän anyk çäreler, hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň senagatynyň maddy-tehniki binýadyny hem-de önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Mary welaýatynyň çäginde tutuş sebit boýunça taryhy ähmiýeti bolan şanly wakalaryň geçirilmegine görlen taýýarlyk işleri, Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler, meýilleşdirilen dabaralara görülýän taýýarlyk işleri, Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ýörelgesiniň maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilişi babatda DIM-niň alyp barýan işleri dogrusynda hasabatlar berildi. Mundan başga-da göçme mejlisiň dowamynda Mejlisiň Başlygynyň şu ýylyň aprelinde Halk Maslahatynyň birinji guramaçylyk mejlisini geçirmek hakynda ýurt Baştutanymyzyň beren görkezmelerine laýyklykda, degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler baradaky beren habary diňlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny okgunly ösdürmek wezipelerine, Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan energetika hyzmatdaşlygy baradaky meselelere ünsi çekip, energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ileri tutulýan strategiki ugur bolup durýandygyny, TOPH halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmekde ulag we aragatnaşyk pudagynyň möhümdigini belläp, täze demir ýollarynyň gurluşygyna hem-de bar bolan polat ýollaryň durkuny täzelemek işlerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklap, degişli ýolbaşçylara onuň ylmy esasda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, şeýle hem akyl-paýhas, beden, ruhy taýdan ösen nesli kemala getirmek, söwda we telekeçilik işlerini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň bäsleşige ukyply senagat toplumyny kemala getirmekde hususy başlangyçlary höweslendirmek, bu ugurda öňdebaryjy tejribäni we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, geçiriljek ýazky meýdan işlerine, köpçülikleýin bag ekmek çärelerine taýýarlyk görmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Ýurt Baştutanymyz medeni ulgamdaky syýasatyň döwletimizi durnukly ösdürmek strategiýasynyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny, ýurdumyzyň halk hojalygynyň yzygiderli ösüşini üpjün etmegiň zerurdygyny, ýurdumyzyň senagatynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň, onuň ähli bäsdeşlik artykmaçlyklarynyň daşarky we içerki bazarlarda peýdalanmagynyň döwletimiziň ykdysady syýasatynyň baş wezipeleriniň biri bolup durýandygyny, kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny, Türkmenistanyň özara peýdaly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny, giň möçberli çäreleriň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary astynda geçýän ýylyň taryhy senenamasyna girjekdigini nygtap, ýurdumyzyň dürli pudaklarda netijeli halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen anyk başlangyçlaryny öňe ilerletmek boýunça yzygiderli işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylara Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
24.02.2018ý.












