Ýurt asudalygynyň belli bahasy ýok. Watanyň asudalygy, döwletiň berkararlygy, il-günüň bagtyýarlygy her bir beýgelişe we ählitaraplaýyn ösüşe esasy söýget bolup hyzmat edýär. Asudalygyň, agzybirligiň, sagdynlygyň we beýik maksatlara ruhlanyp ýaşamagyň rowaç ülkesinde ähli ýagşy işler, beýik tutumlar diňe öňe ilerlemek we ösmek bilendir. Milli Liderimiz halkyň bagtyýarlygy we döwlet berkararlygy üçin öňdengörüjilikli beýik işleri amala aşyrýar. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen ýurdumyzyň dost-doganlyk serhetleriniň göwnejaý goralmagy, ýurtda asudalygyň höküm sürmegi ýaly döwlet ähmiýetli meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden Harby doktrinasy türkmen döwletiniň asudalygyny, döwletliligini üpjün etmekden, berkarar döwletli beýik halky ebedilige ulaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu Harby doktrinada türkmene mahsus aýratynlyklar, milli bähbitler doly göz öňünde tutulandyr. Dogrusy, ol diňe Türkmenistanyň däl, sebitiň we dünýä ýurtlarynyň asudalygy, parahatçylygy üçinem beýik ýörelgedir.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watany söýmekden, Watany goramakdan, Watana gulluk etmekden uly mertebe ýokdur. Şu Watanyň, şu Döwletiň barlygy biziň barlygymyz we bakylygymyzdyr.
Şu ýylyň 3-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi, şeýle hem ýakyn geljek üçin wezipeler, esasy ugurlar kesgitlenildi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri eziz Watanymyzyň goranmak kuwwatyny pugtalandyrmak, milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Harby özgertmeleri yzygiderli öňe ilerletmek boýunça milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakdaky maglumatlar öz beýanyny tapdy. Ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylyşy, bu ugra degişli ýöriteleşdirilen we durmuş desgalarynyň gurluşygy barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine laýyklykda, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirýändigini, munuň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinada öz beýanyny tapandygyny, Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň hem-de harby bölümleriň dessin we söweşjeň taýýarlygyny berkitmek boýunça işleri utgaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Serkerdeler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak hakdaky meseläni gozgap, Watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň mynasyp durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli işleriň çäklerinde alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň wajypdygyny belledi. Ýokary hünärli işgärleri toplumlaýyn taýýarlamagy geljekde ýerine ýetiriljek işleriň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezdi. Milli goşunymyzyň bölümlerinde sportuň harby-amaly görnüşlerini ösdürmek boýunça işi güýçlendirmegiň zerurdygy bellenildi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
“Nesil” gazeti,
05.04.2018.ý.












