11-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi.
Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijelerine garaldy, degişli hasabatlar diňlenildi we ýerine ýetirilen işlere baha berildi hem-de döwlet durmuşynyň beýleki ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we guramaçylyk meselelerine seredildi.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, täze wezipä bellenilen ýolbaşçylara işlerinde üstünlik arzuw etdi, başga-da birnäçe möhüm meselelere garady we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokary derejesi üpjün edilýär. Şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimiziň esasy görkezijileriniň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly we okgunly ösüşe eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynda ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini köpeltmek ýaly meselelere ünsi çekdi. Öz tebigy serişdelerimiziň binýadynda ösen senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň ýokary ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. Şeýle-de ýurdumyzyň ykdysadyýetinde alnyp barylýan uly özgertmelere laýyklykda, döwletimizi senagat taýdan ösdürmek ýaly wezipeleriň köp sanly hünärmenleri talap edýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa ornaşdyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bilim we ylym ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek möhüm orny eýeleýär. Munuň özi, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynyň wajyp şerti bolan ylma esaslanmagyň, ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanmagynyň netijelerinde aýdyň ýüze çykýar.
Eziz Diýarymyz baýramçylyklara baý ýurt. Öňümizde bellenilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyklary ýokary derejede geçirmeklik barada milli Liderimiz degişli pudaklara görkezme berdi.
Döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen ykdysady strategiýany üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen zerur çäreleriň durmuşa geçirilmegi Diýarymyzyň gülläp ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.
Eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda ýylyň başyndan bäri milli ykdysadyýetimizde gazanylan ösüş depgininiň diňe bir degişli derejede saklanman, ýokarlanýandygyny buýsanç bilen bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň her bir gazanýan üstünligi, ýetýän belent sepgitleri, amala aşyrýan beýik işleri bagtly geljegiň hem eşretli durmuşyň kepilidir.
“Nesil” gazeti,
12.04.2018ý.












