Döwletara gatnaşyklarda hoşniýetli ýörelgeler

Hormatly Prezidentimiz Sloweniýanyň daşary işler ministrini, şeýle hem Italiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi.

 27-nji martda hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Sloweniýa Respublikasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri jenap Karl Erýawesi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahoryň hoşniýetli sözlerini ýetirdi hem-de slowen hyzmatdaşlarynyň okgunly ösýän, döredijilikli daşary syýasaty alyp barýan we kuwwatly ykdysadyýete eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

 Duşuşykda türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň barşy, dürli ugurlarda döwletara aragatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň maý aýynda Sloweniýa Respublikasyna bolan resmi sapary wagtynda gol çekilen hökümetara ylalaşyklaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Duşuşyga Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Primož Şeligo gatnaşdy.

 28-nji martda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda diplomatik işini tamamlan Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Marko Mançinini kabul etdi.

Ilçi döwlet Baştutanymyza we ähli türkmen halkyna şu ýyllaryň içinde bildirilen mähirlilik we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, parahatçylyk, döredijilik we rowaçlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmegiň hem-de uzakmöhletleýin giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Italiýanyň hem-de tutuş Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.

 Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de italýan ilçisi ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda Türkmenistanyň we Italiýanyň özara gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de geljegi hakynda pikir alyşdylar. Ýangyç-energetika pudagy, söwda-ykdysady ulgamy, ulag-aragatnaşyk toplumy, oba hojalygy we beýleki ugurlar döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň esasy ugurlary hökmünde görkezildi. Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, medeniýet we bilim, saglygy goraýyş, şeýle hem syýahatçylyk ulgamlarynda döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

“Nesil” gazeti,

30.03.2017ý.

Meňzeş habarlar