Berkarar döwletimiz sebitde we dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmegine hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Bitaraplyk ýörelgeleri diňe bir ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem dünýäde syýasy durnuklylygy goldamaga, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge hem ýardam edýär.
Arkadag Prezidentimiziň bimöçber tagallasy netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap demir we awtomobil ýollary çekilýär, demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Ýakynda Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleri hem ulanylmaga berildi. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýe bolman, eýsem eziz Diýarymyzda çalt depginler bilen kemala getirilýän ulag-ýol düzümini, şol sanda ulag geçelgelerini döretmekde hem uly ähmiýete eýedir.
Milli Liderimiz ulag ulgamyny halkara gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna täsir edýän ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde görkezýär. Türkmenistan bu ugurda BMG we beýleki abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde işjeň orny eýeleýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we yklymara derejede köpşahaly ulag ulgamyny döretmäge uly goşant goşýar.
Ýol we köpri gurup, myhmany mähribanlyk we güler ýüz bilen garşylamak halkymyzyň gadymdan gözbaş alýan milli ýörelgesidir. Bu günki gün Arkadag Prezidentimiz Beýik Ýüpek ýoluny, ýagny dünýäniň dost-doganlyk ýoluny täzeden dikeldýär. Bu nurana dostluk ýollary türkmen halkynyň mähirli we gyzgyn salamyny alysdaky dostlara ýetirýär hem-de olaryň salamyny ýurdumyza getirýär.
Munuň özi milli Liderimiziň halkymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ýokary derejede ösdürýändigine şaýatlyk edýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyz iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän täsin inžener-ulag kommunikasiýalaryny gurmak we işe girizmek boýunça ýokary derejedäki ösüşe eýe boldy. Munuň özi ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ösüşiniň mysalynda hem aýdyň görünýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça gysga döwrüň içinde Amyderýanyň üstünden çekilen Atamyrat — Kerkiçi awtomobil we demir ýol köprüleri işe girizildi. Şeýle hem Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýoly ulanmaga berildi.
Ýakynda bolsa Amyderýanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleriniň üsti ýene-de täze ägirt uly inženerçilik desgalarynyň ikisi bilen ýetirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Özbegistanyň täze saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda Türkmenabat — Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyş dabaralary boldy.
Bu köprüler özboluşly gurluşygy bilen görenleri haýran galdyrýar. Desgalaryň ikisi hem ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelip, olar iň häzirki zaman materiallaryndan gurlandyr, tehniki we ulanyş howpsuzlygy babatda zerur enjamlar bilen üpjün edilendir. Şeýle desgalaryň ulanmaga berilmegi ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölekleriniň biri bolup durýar. Ol sebitde we onuň çäginden daşda umumy ýagdaýa oňyn täsir etmäge, durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti bolup hyzmat etmäge ukyplydyr.
Berkarar döwletimiz yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygyn çatrygynda ýerleşmek bilen, bu ýerde kuwwatly üstaşyr merkez döredilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyna hem-de ýük daşamalaryň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezleri döretmäge ýardam edýär. Munuň özi durnukly ösüşi gazanmakda, haryt dolanyşygyny işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Amyderýanyň üstünden gurlan täze köprüler türkmen we özbek halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýär. Bu desgalaryň ulanmaga berilmegi iki goňşy döwletiň ykdysady ösüşine, ýurdumyza täze maýa serişdelerini çekmäge, işewürlik işjeňligini ýokarlandyrmaga kuwwatly itergi berer. Şeýle hem ilatyň abadançylygyna we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder. Bu täze köprüler dostluk köprüleri bolup, hoşniýetli goňşuçylygyň däpleriniň dowamat-dowam bolmagyna gönükdirilendir. Türkmenabat — Farap köprüleriniň ulanmaga berilmegi diňe bir iki doganlykhalkyň däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýanyň durmuşynda hem möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu döwrebap täze köprüler gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegine öwrüler. Bu ýoluň esasy wezipesi dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahatçylygy we rowaçlygy pugtalandyrmaga ýardam etmekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň täze taryhy döredilýär. Türkmenabat şäheriniň merkezinde Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärliginiň açylmagy hem-de onuň adynyň merkezi köçeleriň birine dakylmagy biziň halklarymyzyň gadymdan gözbaş alýan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna, hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk däpleriniň mizemezdigine şaýatlyk edýär. Munuň özi geljekde hem döwletara gatnaşyklar üçin mäkäm binýat bolup hyzmat eder.
Sebit we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy barha ösdürýän, ýurdumyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
“Nesil” gazeti,
11.03.2017ý.












