16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulaglar we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, oba we suw hojalyk ministriniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Milli Liderimiz göni aragatnaşyga, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimini çagyrdy. Häkim paýtagtymyzy has-da abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, şäheriň iri gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygy barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz täze desgalaryň gurluşygyny, şäheriň etraplaryny, köçelerini we seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmagy nazara alyp, ähli işleri toplumlaýyn esasda hem-de häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmagyň, töweregiň gözelligi we ekologiýa ýagdaýyna hem uly üns bermegiň möhümdigini nygtady.
Wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkiminiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde amala aşyrylýan, şol sanda, obasenagat toplumynda ýerine ýetirilýän işler, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler hem-de gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi sebitde işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, öňdebaryjy ylmyň gazananlaryny iş ýüzünde ulanmagyň ähmiýetini belläp, suw serişdelerini aýawly peýdalanmagyň hem-de şu maksatlar bilen suw tygşytlaýjy tehnologiýalary netijeli ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi welaýatda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işleri, hususan-da, gowaça ekişi, häzirki agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi, täze gurluşyklardaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanyp geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Maslahatda Lebap welaýatynyň häkimi mejlisiň gün tertibiniň meseleleri boýunça giňişleýin hasabat berip, gowaça ekişiniň barşy hem-de bu jogapkärli möwsümde bar bolan döwrebap tehnikalary doly peýdalanmak maksady bilen görülýän çäreler barada aýtdy. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan beýleki möwsümleýin işler hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatyň barşynda Mary welaýatynyň häkimi sebitiň obasenagat toplumy, oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmak, gowaça ekişiniň depginlerini güýçlendirmek barada hasabat berdi.
Soňra milli Liderimiz wideoşekilli göni aragatnaşyga oba we suw hojalyk ministrini çagyrdy. Ministr bu pudaklarda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz ministre ýerleri işlemegiň innowasion usullaryny iş ýüzünde giňden ornaşdyrmaga, ekerançylyk meýdanlaryny suwarmakda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmaga, ýyladyşhana hojalyklarynyň ulgamyny giňeltmäge, ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň eksport edilýän möçberlerini köpeltmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şol işleri has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwrüň talaplaryny nazara alyp, bu pudaklary ösdürmek, hünär ugurly kärhanalaryň we düzümleriň işini kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli görkezmeleri berdi.
“Nesil” gazeti,
19.04.2018ý.












