Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara sport kongresine, döwrebap sport toplumynyň açylyş dabarasyna, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Hazaryň kenarynda guralan baýramçylyk konsertine gatnaşdy.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 7-nji aprelde geçirilen dabaralar giň gerime we şanly wakalara baý boldy. Şol gün Hazaryň kenarynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlan iri sport toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bütindünýä saglyk gününe gabatlanylyp, täze sport desgalarynyň ulanmaga berilmegi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýip yglan edilen şu ýylyň aýdyň wakalarynyň biridir.
Kongresiň wezipesi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty babatda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň ähmiýetine garamakdan we olaryň diňe bir ýurdumyzyň sport ulgamy üçin däl, eýsem, möhüm döwletara gatnaşyklary babatda hem täsirini artdyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň forumda eden taryhy çykyşy uly üns we gyzyklanma bilen diňlenildi we gyzgyn elçarpyşmalar bilen kabul edildi.
Sport kongresiniň çäklerinde Aziýanyň küşt federasiýasynyň ýolbaşçysy Şeýh Sultan Halifa Sultan Şahbut Al-Nahaýan ýygnananlara türkmen Lideriniň “Ýylyň adamy” derejesinde federasiýanyň tapawutlandyryjy baýragy bilen sylaglanandygyny habar berdi. Halkara Meýbukan Godzu-Rýu Karate-do Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Ýagi Meýtatsua bolsa özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň hormatly Prezidentimize sport hereketini we bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan ajaýyp goşandy üçin karate-do-nyň 10-njy danyny bermek hakyndaky çözgüdi barada habar berdi.
Şeýle hem şol gün hormatly Prezidentimiz Amerikanyň “Niklaus Dizaýn” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jek Niklausy, Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda RLDP-niň fraksiýasynyň baştutany Wladimir Žirinowskini, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy, Azerbaýjan Respublikasynyň meşhur medeniýet we sungat işgäri Polat Bilbil ogluny, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi.
Duşuşyklaryň çäklerinde hemmetaraplaýyn ösdürilmegine Türkmenistanyň uly ähmiýet berýän sport ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga hemme şertleri döretmek boýunça ýurdumyzda geçirilýän uly işler barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. RLDP-niň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskä Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň gowşurylmagy belent türkmen myhmansöýerligiň ýene bir nobatdaky dabaralanmasydyr.
Şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Bütindünýä saglyk gününiň hormatyna geçirilen dabaralary ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti jemledi. Hormatly Prezidentimiz Hazaryň kenaryndaky amfiteatrda guralan konsertiň hormatly tomaşaçysy boldy.
“Nesil” gazeti,
11.04.2017ý.












