Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
11-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diýego Ungarony kabul etdi, ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.
Milli Liderimiz Italiýa Respublikasynyň ýokary ýolbaşçylaryna mähirli salamyny aýdyp, jenap Diýego Ungarony jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de işde üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz döwletara hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, Bitarap Türkmenistanyň Italiýa bilen oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen işjeň ösdürilýän gatnaşyklaryň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde giňeltmegi ugur edinýändigini nygtady.
Türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýandygy aýratyn bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz we Italiýanyň Doly ygtyýarly wekili giň ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi, munuň özi iki tarapyň hem uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär. Türkmenistan we Italiýa Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini topladylar hem-de ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler.
Milli Liderimiz söhbetdeşligiň dowamynda ynsanperwer ulgamynda, hususan-da, ylym ulgamynda hyzmatdaşlygyň üstünlikli tejribesi barada aýdyp, türkmen hem-de italýan alymlarynyň, arheologlarynyň arheologiýa gazuw-agtaryş işlerini, Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän täsin taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we gorap saklamak boýunça bilelikdäki köp ýyllyk işlerini belledi.
“Nesil” gazeti,
13.04.2017ý.












