8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady ulgama, energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklaryna aýratyn üns berildi. Iki ýurduň hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň — orunbasary Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenko hem-de “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Miller bilen geçiren duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, oba hojalygy, ulag hem-de aragatnaşyk, ýokary tehnologiýaly pudaklarda hem-de beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyga, şol sanda 2019-njy ýylyň1-nji ýanwaryndan türkmen gazynyň satyn alnyşyny dikeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Medeni-ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim we sport ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gyzyklanma bildirildi. 12-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyzyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynda 2018-nji ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlendi. Bellenilişi ýaly, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokarlanmagy 6,2 göterime deň boldy. Döwlet býujetiniň 73,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,4 göterim köpeldi. Hormatly Prezidentimiz ýakyn geljek üçin esasy wezipeleriň hatarynda, 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasynyň taýýarlanylmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi
ýaly, Döwlet býujeti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen Kararlary nazara almak bilen işlenip taýýarlanylmalydyr. Şeýle hem zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň, birnäçe beýleki durmuş tölegleriniň möçberini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy göz öňünde tutmak möhümdir. Aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin her etrapda we şäherde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri göz öňünde tutmaly. Milli Liderimiz pudaklary ösdürmegiň we özgertmegiň ähli döwlet maksatnamalaryna gaýtadan garamagy hem-de tutuş ýurdumyzy ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamagy we tassyklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kabul eden Karary bilen baglylykda, ähli kärhanalara hem-de ýaşaýyş jaýlaryna gaz, elektrik we suw hasaplaýjy enjamlaryň doly oturdylmagyny, hasaplaşyk kitapçalarynyň berilmegini, zerur resminamalaryò ýöredilmegini üns merkezinde saklamak möhümdir diýip belledi. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini üýtgedip guramak hakynda Permana gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini ýurdumyzyň Senagat ministrligine birleşdirmek bellenildi. Ol üýtgedilip
guralan döwlet komitetiniň hukuk oruntutary diýip kesgitlenildi, şeýle hem onuň garamagyndaky kärhanalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy. Geçen hepdede Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň çäklerinde döwrebap obalaryň, şeýle hem Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu dabaralara Mejlisiň Başlygynyň tabşyrmagy boýunça halkyň saýlanlarynyň wekiliýeti gatnaşdy. Wekiliýete parlamentiň deputaty Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de şol hepdäniň wakalarynyň hatarynda
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralan Merkezi Aziýa Sebit Ykdysady Hyzmatdaşlygyň (MASYH) milli utgaşdyryjylary bilen geňeş maslahaty boldy. Türkmenistan MASYH-nyň maksatnamasyna ilkinji gezek başlyklyk edýär. Bu ýere ýygnananlar halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça gazanylan netijeler bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Şol netijelere görä, häzir ýurdumyz Merkezi Aziýada çalt ösýän ykdysadyýetleriň biridir. Şunda şu günüň ýagdaýlaryna kybap gelýän ýollary we nusgalary işläp düzmek boýunça görülýän anyk çärelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi üçin uly ähmiýeti nygtaldy. Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi. Duşuşygyň barşynda gönüden-göni serhetdeş döwletleriň çäkleri boýunça transmilli energetika geçirijisini çekmek bilen baglanyşykly meseleler ylalaşyldy. Hususan-da, ylalaşykda täze elektrik geçiriji ulgam boýunça Owganystana — Hyrada we Gandagara hersine 300 megawat (jemi 600 megawat) iberiljek elektrik energiýanyň möçberi kesgitlenildi. Geljekde şolaryň möçberini 1müň megawata çenli artdyrmak maksat edinilýär. Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Innowasion taýdan maliýeleşdirmegiň Durnukly ösüş
Maksatlaryna täsiri” atly okuw maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanda Durnukly
ösüş maksatlarynyň biraýlygynyň çäklerinde Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň
goldaw bermeginde ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan BMGÖM bilen bilelikde guraldy. Geçen hepde köpdürli wakalara baý bolup, milli
Liderimiziň döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde, ilatymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakda giň gerimli başlangyçlarynyň üstünlikli Amala aşyrylýandygyna ynamly şaýatlyk etdi.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
16.10.2018ý.












