Aşgabat Halkara Howa Menziliniň resmi web saýty 

https://ashgabatairport.gov.tm/tm

Biz barada: Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhy öz gözbaşyny 1927-nji ýyldan alyp gaýdýar, şol wagt Çärjewi Dörtgüliň we Täze Ürgenjiň üsti bilen Daşhowuza birleşdirilen ilkinji howa gatnawy açyldy. Bu howa ýolunda Çärjew awiakärhanasy Germaniýadan satyn alnan “Ýunkers” ÝU-13 dört orunlyk ýolagçy uçarlaryny we Sowet soýuzynda öndürilen K-4 uçarlaryny ulanypdyr. Jemi 8 uçar hereket edipdir.
1932-nji ýylda Türkmenistanyň raýat howa flotunyň üsti täze sowet ýolagçy uçarlary bilen ýetirilýär. Olar alty orunlyk K-5 we on iki orunlyk ANT9 uçarlardy. Olaryň binýadynda 1932-nji ýylda Çärjew howa menziliniň awiabölümçesi döredilýär, ol aralyk aerodromsyz, gönüden-göni Çärjew – Daşhowuz awiaýoluna hyzmat edip başlaýar. Aşgabat şäherinde ilkinji howa menzili 1932-nji ýylda gurulýar we 1934-nji ýylyň ahyrynda onda iki awiabölümçe açylýar: olaryň biri Po-2 uçarlary (oba hojalygynda ulanmak üçin) toplumlaşdyrylýar, beýlekisi bolsa, TB-3 (ýükleri daşamak) uçarlardan ybarat bolýar.

1944-nji ýylda Türkmenistanyň awiaparkynyň üsti ilkinji Li-2 uçarlary bilen ýetirilýär, olarda Bakunyň, Astrahanyň we Wolgogradyň üsti bilen Aşgabatdan Moskwa ýolagçylary we poçtalary gatnadypdyrlar. 1946-njy ýyldan SSSR-iň we Türkmenistanyň (şol wagt SSSR-iň düzümine girýän respublika hökmünde) howa ýollarynda täze Il-12, Il-14, An-2, Ýak-12 sowet uçarlary ulanylyp başlaýar. 1956-njy ýylyň sentýabrynda ilkinji yzygiderli gatnawlary reaktiw raýat awiasiýasynyň ilkinjisi – Tu-114, Il-18, An-24 uçarlary peýda bolýar.

Kuwwaty uçarlar Türkmenistany howa ýollary bilen SSSR-iň iri administratiw we medeni merkezleri, soýuz respublikalarynyň paýtagtlary, şypahana we beýleki şäherler bilen baglaşdyrmaga mümkinçilik berdi. 50-nji ýyllaryň başlaryndan respublikanyň halk hojalygynda dikuçarlar giňden peýdalanyp başlanýar. Awiasiýa oba hojalygynda baglar we üzümçilikler işlenende, gowaçalaryň defolýasiýasynda ulanylýar. 60-njy ýyllaryň ahyrynda Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ýolagçylary uzak aralyklara gatnamakda möhüm ähmiýete eýe bolýär, uçar parkynyň ýolagçy sygymlylygynyň we ýük göterijiliginiň artanlygy sebäpli, awiaulagyň täjirçilik tizligi üzül-kesil ýokarlanýar. Ulagyň köpçülekleýin görnüşi bolmak bilen, raýat howa floty daşamalaryň ýokary ösüş depginini üpjün edýär.
ashgabat.airport@online.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 12 23-49-23;
Faks: +993 12 23-48-17;
 

Meňzeş habarlar