ARKADAGYŇ AK ÝOLUNDAN ÖŇE BARÝAR BAGTLY ÝAŞLAR

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň taryhy mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda, ýagny Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda giňeldilen mejlis geçirilip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredildi. Onuň Tertipnamasy, Maksatnamasy we Düzgünnamasy kabul edildi. Gurama döredilen gününden bäri ýaşlary ýurt Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmaga, jemgyýetimiziň agzybirligini berkitmäge, Diýarymyzda alnyp barylýan syýasy, ykdysady, medeni ösüşlere mynasyp goşant goşmaga ugrukdyrýar.

 DÜZÜMINDE watansöýüji ýaşlaryň müňlerçesini jemleýän guramamyzyň baş wezipesi demokratik ýörelgelere ygrarly bolan döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşine goldaw bermek, ýaşlary watansöýüjiligiň belent ruhunda, ýokary ahlakly, sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine wepaly, däp-dessurlarymyza, mirasymyza aýawly garamak ruhunda terbiýelemekdir. Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan iň uly jemgyýetçilik birleşigi bolup durýar» diýip, aýratyn nygtap belleýär we guramanyň öňünde toplumlaýyn wezipeleri goýýar. Olaryň ählisi ýurdumyzyň ýaş nesillerini mynasyp terbiýelemek, ýaş nesliň wekillerine ählitaraplaýyn goldawy üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara sargytlary olary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Onuň netijesinde Ýaşlar guramasy iş usullaryny düýpli özgerdip guraýar, döwrebaplaşdyrýar. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, welaýat, etrap, şäher guramalary ýaş raýatlar bilen alyp barýan işlerini pugtalandyrýarlar, wagyz-nesihat, medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli geçirýärler. Ýurdumyzyň hyjuwly, zähmetsöýer ýaşlary hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlaryny, ägirt uly taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýärler. Ýaşlaryň Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk ruhunda terbiýelenmekleri, olaryň jemgyýete, adamyň saglygyna zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Milli Liderimiz: «Türkmenistanyň beýik geljegi ýaşlarymyzyň bagtyýarlygy we kadaly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär. Häzirki wagtda ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň aýratyn üns berilýän möhüm ugurlarynyň biridir. Ülkämizde ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegi, ylym-bilim öwrenmegi, döredijilikli zähmet çekmegi, şeýle-de ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny, maksatlaryny hem-de wezipelerini düzgünleşdirýän «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň düzüminde ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan ýörite bölüm hem döredildi.

2015-nji ýylda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy» we bu resminamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu resminama boýunça şahsyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýaş raýatlaryň hünär bilimlerini artdyrmaklary we olaryň alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda netijeli ulanmaklary üçin has amatly şertleri döretmek, ýaşlaryň başlangyçlaryny maglumat, guramaçylyk we maliýe taýdan goldamak, sport bilen meşgullanmaklary üçin mümkinçilikleri amala aşyrmak, kyn durmuş ýagdaýa düşenlere hemaýat etmek, şeýle-de jemgyýetçilik birleşikleriniň işini utgaşdyrmak we goldamak ýaly wezipeleriň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, welaýat, şäher we etrap Geňeşleri tarapyndan işçi, gullukçy, daýhan, talypdyr okuwçy ýaşlaryň, harby gullukçylaryň arasynda maslahatlar, ýygnaklar, bäsleşikler, wagyz-nesihat duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Teleradioýaýlymlarda söhbetdeşlikler gurnalýar, metbugat sahypalarynda makalalardyr seslenmeler neşir edilýär.

Ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlaryndan ybarat wekiliýet halkara maslahatlaryna, sammitlere, sergilere hem işjeň gatnaşýarlar. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen daşary ýurtlaryň ýaşlar guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda birnäçe işler alnyp barylýar. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Özbegistanyň Ýaşlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu bolsa dostluk gatnaşyklarynyň has-da berkemegine, ýaşlaryň durmuşyna degişli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň meýilnamasy esasynda 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde, 2012-nji ýylyň mart aýynda Mary şäherinde Ýaşlar merkezleri döredildi. Bu merkezlerde, şertnama laýyklykda, 15-24 ýaş aralygyndaky ýaş raýatlara sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça mowzuklaýyn okuwlar geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir» diýen sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Çagalar gaznasy hereket edýär. Çagalar gaznasy howandarlyk ediji gurama bolup, ýetimleriň, ene-atalarynyň ideginden mahrum galan we ýetimler öýünde hem-de mekdep-internatlarynda terbiýelenen çagalara, şeýle-de maýyp çagalara we bosgunlaryň çagalaryna kömek bermek maksady bilen 1995-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredildi.

Häzirki wagtda Ýaşlar guramasy «Türkmenistanyň ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna» hem-de bu döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda 87 sany wezipäni içine alýan iş meýilnamasyny durmuşa geçirýär. «Ýaşlar we kanun» atly kanunçylyk namalarynyň ýygyndysy neşir edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň garamagynda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy boýunça Maglumatlar merkezi we 2016-njy ýylda elektron saýty döredildi. Ýaşlaryň internet mümkinçiliklerinden peýdalanmagyny we maglumat üpjünçiligini ýokarlandyrmak we guramanyň işlerini görkezmek maksady bilen döredilen elektron saýty «yashlar.gov.tm» diýip atlandyrylýar. Onda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi, türkmen ýaşlarynyň bagtyýar durmuşy, Ýaşlar guramasynyň geçirýän çäreleri we beýleki maglumatlar ýerleşdirildi. Bu saýtyň düzüminde «Habarlar», «Makalalar», «Çärelerimiz», «Bäsleşik», «Galereýa» we «Gurama barada» atly bölümler bar.

Alym Arkadagymyzyň goldawy bilen türkmen ýaşlarynyň ylmy gözleglerine, döredijilik ukyplaryna ýardam bermek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar merkezi döredildi we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy. Munuň özi döwletimiziň ylym-bilim kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň ýolunda örän möhüm wakadyr. Ýaş alymlar merkeziniň işini kämilleşdirmek maksady bilen ýokary okuw mekdeplerinde, pudaklaýyn ylmy edaralarda we ylmy-barlag institutlarynda Ýaş alymlar geňeşleriniň 46-sy döredildi. Döredilen ýaş alymlar geňeşleriniň öňünde duran wajyp wezipeleriň biri-de ylmy işleri önümçilige ornaşdyrmak we olardan peýdalanmakdyr.

Her bir işde ýaşlara aýdyň ýol görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň:

«Watan biziň buýsançly geçmişimizdir!

Watan biziň buýsançly şu günümizdir!

Watan biziň buýsançly geljegimizdir!» diýen watansöýüjilik çagyryşyna eýermek biz — ýaşlaryň mukaddes borjumyzdyr. Biz — ýaşlar milli Liderimiziň döwletimiziň ösüşiniň täze tapgyrynda öňümizde goýýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini üpjün etmäge işjeň gatnaşyp, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende galmagynyň hatyrasyna ak ýürekden, öndürijilikli halal zähmet çekmekde mundan beýläk-de yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Soltangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

“Nesil”gazeti,

15.11.2018ý.

Meňzeş habarlar