Watanyň ösüşlerini synlanyňda oňa buýsanjyň goşalanyp, öz sesiňi goşasyň gelýär. Diýarymyzyň çar künjegindäki özgertmeler, taryhy wakalar daşyndan synlan islendik adamy-da haýrana goýýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri halkymyzyň ykbalynyň göterilen, Watanymyzyň abraýynyň arşa galan döwri. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde amala aşýan buýsançly döwür joşgunly zähmet üstünliklerine beslenip dowam edýär. Bu gün durşy bilen egsilmez hazyna ýugrulan, Watanymyzyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Hazaryň kenarynda täzeden-täze desgalar peýda bolýar. Hut şu ýylyň özünde bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde dürli maksatly binalar ulanmaga berildi. Şolaryň içinde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty aýratyn orny eýeleýär. Portuň ençeme kilometer uzalyp gidýän duralgasyny synlanyňda Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilýänligine bolan buýsanjyň goşalanýar. Dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özüne çekýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bilen birlikde Türkmenbaşy Halkara deňiz porty milli Liderimiziň jöwher paýhasy bilen dörän belent tutumlar bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň Ýewropanyň, Pars aýlagynyň ýurtlaryna, ondan-da alysdaky ýurtlara uzaýan türkmeniň deňiz derwezesidir. Gahryman Arkadagymyz ýurduň ykdysadyýetini ösdürmekde, dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklary giňeltmekde ýol-ulag syýasatynyň ornunyň diýseň uludygyna hemişe ünsi çekýär. Türkmenistanyň ýol ulgamynyň sebit logistika ulgamy- na girizilmegi geografik taýdan amatly şertleri bolan ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde diýseň öňdengörüjilikli ädimdir. Hut şu nukdaýnazardan hem, hormatly Prezidentimiz multimodal düzümiň kemala gelmegine gönükdirilen iri möçberli ulag taslamalaryny öňe sürüp, döwletimiziň üstaşyr mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň durmuş-ykdysady hem-de tehnologiýa taýdan ösüşiniň Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynyň möhüm şertleriniň biri- digini belleýär. Bu babatda hormatly Prezidenti- miziň ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply ulag we üstaşyr hyzmatlarynyň bazaryny döretmek bilen baglanyşykly öňe sürýän strategiýasyna laýyklykda, özüne ulaglaryň ähli görnüşlerini — demir ýoly, awtoulag, deňiz, derýa, howa ýollaryny birleşdirýän multimodal logistik ulgam ýokary depginlerde ösdürilýär. Bu babatda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýeti diýseň uludyr. Şu portuň gurulmagy yklymlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň görnetin artmagyna uly ýardam berýär. Gadymyýetden bäri halklary birleşdirýän Beýik Ýüpek ýoly Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde şeýle uly tutumlaryň amala aşmagy bilen gojaman Hazaryň üstünden alyslardan-alyslara uzaýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, amatly geosyýasy we ykdysady ýagdaýy bolan Garaşsyz Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde örän ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde halkara derejesinde aýratyn uly orny eýeleýär we dünýä döwletleri bilen syýasy-ykdysady gatnaşyklary ýola goýýar. Şol dostlukly gatnaşyklardan ruhlanan türkmen telekeçileri hem Garaşsyz Diýarymyzyň ösüşli menzillerine mynasyp goşant goşýarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary ähli ugurlarda bolşy ýaly, iri-iri desgalary gurmakda, täze-täze taslamalary durmuşa geçirmekde uly abraýa eýe bolýarlar. Dünýäniň iň täze tehnologiýalaryny öz işlerine ornaşdyrýan telekeçilerimiz bar zehin-başarnyklaryny Watany gülletmeklige bagyş edip, öndürijilikli zähmet çekýärler. Esasan-da, türkmen telekeçileri ýurdumyzyň çar künjeginde alnyp barylýan uly gurluşyklara özleriniň gujurly elleriniň yzlaryny goýýarlar. Muňa mysal hökmünde Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarymyzda yzygiderli döredilýän täze häzirki zaman obalaryny uly buýsanç bilen ýatlamak bolar. Geljekki ykdysadyýetimizi ösdürjek biz — ýaşlar üçin-de şeýle döwletli tutumlaryň janly şaýady bolmak bagtlylyk duýgusyny döredýär. Hawa, bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz dünýäniň öňdebaryjy, ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryndan orun alýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda diňe şu ýylyň özünde peýda bolan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Gyýanly polimer zawody, Garlyk kaliý dagmagdan toplumy, Owadandepedäki «Türkmen Aýna önümleri» kärhanasy, «Garabogazkarbamid» zawody ýaly iri-iri kärhanalar, medeni-durmuş maksatly desgalar geljekde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da gülleder. Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugrunda gurulýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisi bolsa tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň bedew badyna eýe bolmagyna gönükdirilen desgalaryň hataryna ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde açylan täze polimer zawodynyň goşulmagy örän uly taryhy waka boldy. Ýapon we koreý kompaniýalary tarapyndan ýokary derejeli innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan, polietilen we polipropilen öndürýän bu kärhana daşky gurşawa zyýansyzlygy, öndürijiliginiň kuwwatlylygy taýdan tapawutlanýar. Iň bir häzirki zaman enjamlar ornaşdyrylan iri polimer zawodynda gazy bölüji, etany gaýtadan işleýji we polietilen we polipropilen öndürýän bölümler hereket edip, ýokary hilli önümler öndürilýär. Zawodyň işe girizilmegi diňe bir Türkmenistanyň bazarynda gaz himiýa önümlerine ösýän islegleri kanagatlandyrman, eýsem, ýerli önümleriň eksportyny hem artdyrýar. Bu iri kärhananyň gurulmagy Türkmenistanyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmeginde ýene bir ädim boldy. Häzirki wagtda Türkmenistan diňe bir ýurt ähmiýetli däl, eýsem, sebit we dünýä ähmiýetli möhüm taslamalary durmuşa geçirmek bilen, ählumumy ykdysady ösüşi gazanmaga, sebitde parahatçylygy berkitmäge mynasyp goşandyny goşýar.
Güljemal ÖWEZOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
“Nesil” gazeti,
17.11.2018ý.