16-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
Onda Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde hasabat bilen çykyş edenler ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Gamburg we Berlin şäherlerine bolan iş saparynyň netijeleri, häzirki döwürde ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulyşmak, germaniýaly hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we işläp taýýarlamalaryny, şol sanda ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak, ýurdumyzda nemes dilini çuňňur öwrenmäge ýöriteleşdirilen mekdepleriň sanyny artdyrmak, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça aýtdylar.
Hasabatyň dowamynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Bu goňşy ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň iýunynda ýola goýuldy. Şu döwürden bäri biziň döwletlerimiziň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady hem muňa ýardam edýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Türkmenistanyň degişli Kanuny esasynda döwletiň garamagyndan aýyrmaga hem-de hususylaşdyrmaga degişli kärhanalaryň we desgalaryň sanawyny ylalaşmak, 20-22-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly XXIII halkara maslahatyna we sergisine görülýän taýýarlyk, dokma pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, täze, 2019-njy ýyly garşylamaga taýýarlyk görmek, söwda dükanlarynda arçalaryň hem-de olary bezemek üçin oýnawaçlaryň söwdasyny üpjün etmek, öňde boljak baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanan medeni çärelere görülýän taýýarlyk, şeýle hem medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, oba hojalygynda özgertmeleriň dowam etdirilişi hem mejlisiň esasy meseleleriniň biri boldy.
Ýetişdirilen hasyly soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, hasyly pagta kabul ediş harmanlarynda bökdençsiz kabul etmek, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek hem-de tabşyrylan hasyl üçin önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek ugrunda ähli zerur işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde öňdebaryjy agrotehnologiýalaryň we dünýäniň iň gowy tejribesiniň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigini nygtap, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz başga işe geçmegi sebäpli, Ö.Enermyradowy oba we suw hojalyk ministri wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz oba we suw hojalyk ministri wezipesine A.Ýazmyradowy belläp, ony Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek häkimiň orunbasary A.Nurgeldiýewiň üstüne ýüklenildi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen ýylda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
20.11.2018ý.