Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz şu saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy.

Bu belent toplumyň gurluşygy “Bouygues Batiment Internasional” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Maslahatlar merkeziniň daşky keşbini gözden geçirip, desgada alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gurluşyk meýdançasynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de Maslahatlar merkeziniň daşky we içerki gurluşynyň çyzgylaryny görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz taslamalar bilen tanşyp, gurluşykda ulanylýan timarlaýyş we gurluşyk serişdeleriniň häsiýetnamalaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şol serişdeler daşky keşbi, mäkämligi we dowamlylygy bilen tapawutlanmalydyr.

Milli Liderimiz Maslahatlar merkezi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna halkymyz üçin ajaýyp sowgat bolar diýip, geçirilýän işleriň ýokary hilli bolmagyny hem-de dünýäniň şähergurluşygynyň ölçeglerine we milli binagärligiň däplerine kybap gelmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz gurluşygy dowam edýän kaşaň “Arkadag” myhmanhana baryp gördi. Bu desgany hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgada işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ähli ölçegler boýunça – gurluşygyň hilinden başlap, timarlaýyş işlerine çenli gurulýan toplumyň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidigine ünsi çekdi.

Myhmanhana toplumynda oňaýly ýaşamak we dynç almak üçin döredilýän şertler Gündogaryň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine doly kybap gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Täze myhmanhananyň ýerleşýän ýerini nazara alyp, onuň ýurdumyza gelýän jahankeşdelerinde oňyn täsin galdyrmagy we myhmanlaryň paýtagtymyzyň günorta künjeginiň ajaýyp ýerlerini synlap bilmekleri üçin ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet münberiniň gurulýan ýerine tarap ugrady. Bu desga hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.

Köpetdagyň eteginde gurulýan münberden günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi açylýar.

Hökümet münberi öz ölçegleri bilen uly täsir galdyrýar. Tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga Gündogaryň köşk ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, 2 müň orunlyk myhmanlar üçin münberi öz içine alýar.

Münberiň öňünde meýdança gurlup, onda dabaraly ýörişler hem-de giň gerimli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabara geçiriler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hökümet münberinde alnyp barylýan gurluşyk – abadanlaşdyryş işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi hem-de gurluşygyň ýokary hilini hem-de bellenilen möhletde tamamlanmagyny üpjün etmek barada görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Hökümet münberinde Watan goragçylarynyň dabaraly ýörişini ýokary derejede guramak maksady bilen, bu ýerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz harby ýörüşleri geçirmäge taýýarlyk görlende Hökümet münberiniň öňündäki meýdançadan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň guramaçylykly geçmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň üpjün edilmegini tabşyrdy. Şol tehnikalar Milli goşunymyzyň güýjüni we kuwwatyny, onuň häzirki zaman tehniki üpjünçiligini açyp görkezýär.

Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanylýan behişdi bedewleriň çykyşlary üçin ähli şertler göz öňünde tutulmalydyr. Ahalteke bedewi taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, türkmen jigitleriniň ençeme nesillerine wepaly gulluk edip gelýär. Bedew olar üçin wepaly ýoldaş we dost bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp ahalteke bedewleriniň köpsanly myhmanlaryň öňünde gözelligini görkezmegi üçin ähli şertleri döretmegi tabşyrdy.

Wise-premýer M.Mämmedowa şu ýyl şanly senäni – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk, hususan-da, degişli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýdyp, bu ýerde dabaraly ýörişler bilen bir hatarda, giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak üçin ähli şertleri döretmegi göz öňünde tutmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.