(Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşan ilkinji ýurtlaryň biridir)
23-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Döwlet we Milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de BMG-niň ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşy hakynda Meýletin milli synyň taýýarlanylyşy boýunça geçirilýän işler barada;
Ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we gözegçilik edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada;
Senagat toplumynda işleriň ýagdaýy, ýerli çig mal serişdeleri esasynda çykarylýan önümleriň mukdaryny artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek maksady bilen senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada; Dokma senagatynda bu ugur boýunça alnyp barylýan işler barada;
Marynyň döwlet elektrik bekediniň binýadynda utgaşykly dolanyşykda işleýän buggaz elektrik bekedinde amala aşyrylýan işler barada;
Söwda-ykdysady toplumda hem-de telekeçilik ulgamynda işleriň ýagdaýy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň kuwwatyny artdyrmak babatda geçirilýän çäreler barada;
Şu ýylyň 28-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara ulag maslahatyna görülýän taýýarlyk barada;
Ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada;
Bilim, ylym, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamynda alnyp barylýan işler, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, täze mekdepleri we çagalar baglaryny gurmak boýunça geçirilýän işler barada;
Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler we oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän özgertmeler barada hasabatlar berildi.
Şeýle hem, Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, söwda we dynç alyş merkezlerini gurmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Milli Liderimiziň garamagyna Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda, H.Ýasawy köçesiniň ugrunda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary hödürlenildi.
Hasabatlara görä, ýurdumyzda ýerine ýetirilen we ýakyn geljekde amala aşyrylmaly döwlet hem-de halkara ähmiýetli çäreler, olara görülýän taýýarlyklar, halkymyzyň täze işorunlary we ýokary amatlykly ýaşaýyşjaýlary bilen üpjünçiligi, ykdysadyýetde, senagatda, medeniýetde, ylym-bilim we saglygy goraýyşulgamlarynda döredilen uly mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly ösüşiň täze we has uly belentliklerine ynamly ädimler, ýokary görkezijiler bilen ýetmegiň mümkinçilikleri hakynda beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna uýgunlaşan ilkinji ýurtlaryň biridigini belläp, bu ugurdaky işleri yzygiderli hem-de toplumlaýyn häsiýetde alyp barýandygyny nygtady. Maksatlaryň esasy ugurlary hem-de görkezijileri döwlet özgertmeler maksatnamalaryny we strategiýalaryny durmuşa geçirmekde ulanylýar. Şolar eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny artdyrmak, ilaty Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň güýji bilen eziz Diýarymyzda öndürilýän hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek maksady bilen, ösümlik ýaglarynyň önümçiligi boýunça kärhanalar hem gurulýar. “Gündogar akymy” hem-de “Kämilligiň gözbaşy” hojalyk jemgyýetleri tarapyndan ekologiýa taýdan arassa günebakar ýagyny öndürmek boýunça zawodlar gurulýar. Bu kärhanalarda her ýylda jemi 24 müň tonna ýag we guşçulyk toplumyna zerur iým öndüriler. Bu desgalary geljek ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
“Nesil” gazeti,
27.11.2018ý.