Ulag ulgamyny ösdürmegiň milli strategiýasy

Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara ulag maslahaty geçirildi

Ulag hyzmatlarynyň üstaşyr we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Ýurdumyz ulag-logistika merkezi hökmünde halkara ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň, ýükleriň gatnadylmagynyň örän möhüm amatly, ygtybarly çatrygyna öwrülýär. Türkmenistanyň halkara başlangyçlary, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça tutumlary milli derejedäki durnukly ösüş strategiýasynyň ählumumy maksatlar bilen utgaşykly durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Soňky onýyllykda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede amala aşyrmakda, şol bir wagtda-da sebit we ählumumy möçberlerde tagallalary birleşdirmekde ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny bellemek örän guwandyryjydyr. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag we üstaşyr geçelgeleriniň orny» we «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda» atly Rezolýusiýalary aýratyn ähmiýetlidir.

Milletler Bileleşigine agza döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekde Aşgabatda geçirilen birnäçe ýokary derejeli halkara maslahatlarynyň hem binýatlyk ähmiýeti bar. 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatynyň geçirilmegi, bu maslahatyň syýasy meseleleri boýunça borçnamalary we teklipleri hakyndaky Aşgabat beýannamasynyň kabul edilmegi halkara tagallalaryny işjeňleşdirmäge täsirini ýetirdi. Bu babatda 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň ähli agza döwletler tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi ähli halkymyzy begendirdi.

Ine, 28-nji noýabrda Awazada geçirilen ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegine bagyşlanan ulag maslahaty hem bu möhüm ugurda halkara tagallalaryň birleşdirilmegine aýgytly täsir etjek maslahatlaryň birine öwrüldi. Onuň işine ýurdumyzyň ulag ulgamynyň hünärmenleri hem-de dünýäniň köp ýurtlaryndan bilermenler gatnaşdylar. Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşde täzeden dikeldilmegi häzirki döwrüň ulag-üstaşyr meselelerinde uly gyzyklanma bildirilýän ugurdyr. Bu ýoluň doly güýjünde herekete girizilmegi sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini herekete getirmäge täze badalga berer. Ulag-üstaşyr geçelgeleri bolsa üstünden geçýän ýurtlaryň ykdysady kuwwatlyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegine, sarp edijilik bazarynyň hem-de öndürijilik mümkinçilikleriniň has-da ösmegine, söwda gatnaşyklarynyň ýygjamlaşmagyna, möçberleriniň artmagyna, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we özara peýdaly gatnaşyklaryň has-da berkemegine öz täsirini ýetirýär. Milli Liderimiz öz kitaplarynyň ikisini Beýik Ýüpek ýoluna, onuň biziň ýurdumyzdan geçen taryhy halkalaryna, taryhyna, ähmiýetine we şu günki ýagdaýyna bagyşlady. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, gadymy döwürlerde ýurdumyzyň çäginden yklymyň halklaryny we ýurtlaryny birleşdiren, umumadamzat ösüşinde, Gündogaryň we Günbataryň özara gatnaşyklarynda ägirt uly orny eýelän esasy söwda ýollary geçipdir. Häzirki zaman şertlerinde halkara ulag-logistika ulgamy Beýik Ýüpek ýolunyň wezipesini ýerine ýetirýär.

Eziz Watanymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi sebit we yklym ähmiýetli ulag-üstaşyr-ulag merkezi derejesini şertlendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky mümkinçiliklerini doly güýjünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen yzygiderli tagallalary bilen ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, bar bolan mümkinçilikleri giňeltmek we täze ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň çäginde gurlan halkara ähmiýetli täze awtomobil we demir ýollary, döwrebap inžener-tehniki düzümleri, howa menzilleri, Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz porty köp şahaly milli ulag ulgamynyň kemala getirilýändiginiň aýdyň görkezijileridir.

Ulag-aragatnaşyk ulgamy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegidir. Her bir döwlet öz geografik taýdan amatly ýerleşişini we önümçilik mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Bu dürli ugurlarda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli ulag gatnawlarynyň artmagyna, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we syýahatçylygyň uly depginlerde ösmegine itergi berýär. Üstaşyr geçirmegiň düýp mazmuny ulag hyzmatlaryny eksport etmekdir. Häzirki wagtda Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky söwdanyň iň güýçli bazar boljakdygy we onda öz aragatnaşyk ulgamlaryna sebitara ýük gatnawyny çekmegi başaran ýurtlaryň uly bähbit görjegi şübhesizdir.

Harytlaryň bökdençsiz daşalmagynyň durnukly ykdysady ösüşi goldamakda, halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakda, halkara hyzmatdaşlygyny we ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny berkitmekde ekologiýa taýdan amatly, howpsuz, netijeli, ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň hyzmaty örän ähmiýetlidir. Ulag ulgamyny ösdürmegiň milli strategiýasy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Halkara ulag ulgamynyň gurluşygy uly möçberli maliýe serişdelerini talap edýär. Şonuň üçin bu taslamalary amala aşyrmaga diňe bir gyzyklanma bildirýän döwletler däl, eýsem, halkara maliýe guramalary (Aziýanyň Ösüş banky, Yslam Ösüş banky, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky we başga-da birnäçe guramalar) işjeň gatnaşýarlar. Bu hem, öz gezeginde, ulag ulgamynyň halkara taslamalaryny zerur bolan möçberde maliýeleşdirmäge, gurluşyk işleriniň meýilleşdirilen möhletde tamamlanmagyna we bu ugra goýulýan maýa goýumlaryň gysga möhletde öz-özüni ödemegine mümkinçilik berýär, maýa goýumlar bilen bagly töwekgelçiligiň derejesini ep-esli peseldýär.

Ýurdumyzyň üstünden aragatnaşyk ulgamlarynyň geçmegi döwletimiziň halkara derejede ägirt uly ulag we aragatnaşyk mümkinçiligine eýe bolmagyny üpjün edýär. Şol bir wagtda ýurdumyzyň Bitaraplyk halkara derejesi onuň ulag mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine ýardam berýän amatly syýasy giňişlikdir. Ol diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm şertleriň biri bolan parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün edýär. Türkmenistan bu gün ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlygyň nusgasyny görkezmek bilen, özüniň milli bähbitleriniň köp babatda ählumumy ösüşe degişli iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendigini äşgär edýär.

Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lazurit) halkara ulag geçelgesiniň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu bäş ýurduň üstünden geçip gidýän ulag geçelgesiniň döredilmegi, Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini gurşap alýan giňişlikde gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy has giňeltmäge ägirt uly täsir ýetirjekdigi şübhesizdir. 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde RECCA VII forumynyň çäklerinde Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminamanyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ykdysady ýakynlaşmagyny ýokarlandyrmaga hem-de söwdanyň möçberini artdyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistan Ýewropa — Kawkaz — Aziýa maksatnamasyna gatnaşyjy hökmünde-de çykyş etmäge ähli mümkinçiliklere eýedir. Bu çäklerde hereket edýän bazarlaryň möçberi-de, kuwwaty-da örän ägirtdir. Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürdäki çägi bilen sepleşýän ýurtlaryň ykdysadyýetleri uly mümkinçiliklere eýedir. Bu gadymy ýoluň täzeden dikeldilmegi Merkezi Aziýa döwletleri üçin täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde okgunly ösýän, köp sanly ilaty bolan, tebigy baýlyklaryň uly serişdelerine eýe bolan bu sebit dünýä ýurtlarynyň ünsüni özüne çekýär. Sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň zerur şertlerini döretmek babatda anyk teklipler we başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýän we olary üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan üstaşyr-ulag geçelgesiniň ornuna ymykly eýe bolýar.

Züleýha ORAZOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

“Nesil” gazeti,

29.11.2018ý.