PARAHATÇYLYGYŇ BEÝIK ÝÖRELGESI

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we ähli dünýäniň döwletleri bilen oňyn dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň esasydyr. Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Bitaraplyk syýasaty sebitiň dünýäde häzirki zamanda bolup geçýän işlere ähli ugurlar boýunça tiz goşulmagyna ýardam berýär. Merkezi Aziýanyň syýasy nukdaýnazardan durnukly ösýän, netijeli ykdysady gatnaşyklar berkidilýän sebite öwrülmegi üçin zerur şertleri döredýär» diýip belleýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy durnukly durmuş-ykdysady ösüşlere, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde durnuklylygy berkitmek bilen birlikde ählumumy howpsuzlygyň düzüm bölegi bolan energetika we ekologiýa howpsuzlygynyň, döwrebap halkara ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň kemala gelmeginiň üpjün edilmegindäki netijeleri guwandyryjydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkara gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan Türkmenistan Watanymyz dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýar. Bitaraplyk güni Garaşsyz döwletimiziň ösüşleriniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senedir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi netijesinde bu sene dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanyldy. «2017 — 2023-nji ýyllarda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyna» laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarymyzy berkitmäge we yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Geňeşiniň şu ýylyň 25-nji iýunynda bolan 38-nji mejlisinde kabul edilen «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky medeni mirasyň goralmagyny höweslendirmek hakynda» bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň günsaýyn artýan halkara abraýynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň tassyknamasy boldy. 2018-nji ýylyň ýurdumyzda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilmegi bilen, bu ugurda uly işleriň durmuşa geçirilýän günlerinde Milletler Bileleşigi tarapyndan şeýle çözgüdiň kabul edilmegi nobatdaky ýetilen belent we ýeňişli sepgidi aňladýar.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, şeýle-de dünýä jemgyýetçiliginiň gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleleriň çözgüdini tapmak boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmekdir. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda ählumumy abadançylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Halkara derejesinde bähbitleriň utgaşmagyny özünde jemleýän «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymaty halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen işleriň netijeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde öňe süren garaýyşlarynyň hatarynda halkara syýasatynyň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň soraglary, Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy, energetika we ulag çygrynda hyzmatdaşlyk, suw meseleleri we tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliginiň howpuny azaltmak boýunça hyzmatdaşlyk ýaly ugurlar boýunça garaýyşlar, başlangyçlar bar.

Gahryman Arkadagymyzyň 2019-njy ýyly Parahatçylyk we abadançylyk ýyly diýip yglan etmek baradaky teklibi dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Milli Liderimiziň bu teklibi Ýer ýüzünde parahatçylygy berkarar etmek boýunça ählumumy abadançylygyň hatyrasyna tagallalary birleşdirmäge bolan özboluşly çagyryşdyr. Bitaraplygyň oňyn häsiýeti ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerinde hem aýdyň görünýär. Mazmuny boýunça ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy aňladýan Bitaraplyk ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde uly orun eýeleýän hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalarynyň işlenip taýýarlanmagyna ýardam berýär. Häzirki döwürde türkmen Bitaraplygy sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde netijeli guraldyr.

Jennet DÖWLETMYRADOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

01.12.2018ý.