Halk hazynasyndan ylym hazynasyna

Ýaş alym barada maglumat:

Gunça Gurbanowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw  işi kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby. Ylmy işi: «Hormatly Prezidentimiziň döredijiliginde milli medeniýet hadysasynyň ylmy-çeper teswiri».

Baýramaly sebitlerinde önüp-ösen, häzir bolsa Türkmen döwlet medeniýet institutynda iş kagyzlaryny dolandyrmakdyr arhiw işi boýunça ýokary bilim alýan talyp gyz Gunça Gurbanowanyň çagalyk arzuwy taryh bilen baglydy. Ol heniz orta mekdebiň okuwçysyka, özüni, köplenç, taryh mugallymy hökmünde göz öňüne getirýärdi. Geljegi göz öňünde janlandygyça-da, geçmişi öwrenmäge bolan islegi artýardy. Ykbal ony Türkmen döwlet medeniýet institutyna alyp gelensoň, Gunça taryhy ozal pikir etmedik görnüşinde – milli medeniýetimiz bilen baglylykda öwrenip başlady. Bu bolsa onuň iň uly utuşlarynyň biri boldy.

Il arasynda gürrüň kän

– Talyplygymyň ilkinji ýylynda – 2017-nji ýylda mugallymymyz, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Sähragül Janmämmedowa il içinde ýatan, köpçülige juda bir mälim bolmadyk, maddy däl medeni gymmatlyklary öwrenip, ony ylmy iş derejesine çykarmak barada teklip edende, dogrusy, biraz ýaýdanypdym. Bu iş ylmy gözlegleriň başga görnüşlerinden tapawutly boljakdy. Iş belli bir auditoriýada ýa-da tejribehanada däl-de, il arasynda alnyp baryljakdy. Dogry, sözlükçilik bilen meşgullanan alymlarymyzyň birnäçesiniň ýurdumyzyň çägindäki ähli obadyr şäherleri sökendigini bilýärdim, ýöne özümi olaryň dowamaty hökmünde göz öňüne getirmek kyndy. Ýöne sungata, taryha teşnelik başga zat eken. Heniz talyplygymyň birinji ýylynda dynç alşymy dürli etraplarymyza gidip, maddy däl gymmatlyklary toplamaga bagyşlapdym. Şondan bäri Maryda Serhetabada, Lebapda bolsa Kerkä çenli, soňra beýleki welaýatlarymyzda hem saparlarda bolup, il hazynasynyň dürdänelerini ýygnamak nesip etdi. Bagtyma, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen ýörite topar hem döredilip, şol toparyň düzüminde ylmy gözleglerimi geçirdim. Tapylan gymmatlyklar hakyky hazyna. Il arasyndaky halk döredijiliginiň kitaplara geçirilenlerinden has kändigine göz ýetirýärsiň. Heniz eşitmedik rowaýatlaryň, matallaryň, nakyllaryň, ertekileriň, hatda dessanlaryň hem bar. Baran ýeriňde diktofonyňy işledip ýetişseň, ýaşulularymyzda gürrüň kän. Birini saýlap, birini goýar ýaly däl – diýip, ylmy gözlegleri ykbalynda aýratyn sahypa açan talyp gyz gürrüň berýär.

Dürdäne eserler – ylham çeşmesi

Dürdäne eserler diýýänimiz – hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan dörän eserler. Olar, hakykatdan hem, ýaş alymyň ylham çeşmesi boldy. Il arasyndaky ylmy gözlegleriň arakesmesinde milli Liderimiziň medeniýetimize, taryhymyza bagyşlanan eserlerini okamak onuň gözüni has-da açdy. Şeýlelikde, «Hormatly Prezidentimiziň döredijiliginde milli medeniýet hadysasynyň ylmy-çeper teswiri» atly iş kemala gelip başlady.

– Il arasyndan toplanan gymmatlyklary hormatly Prezidentimiziň eserlerindäki dürdäne pikirler, getirilýän rowaýatlar bilen deňeşdirip öwrenmek has-da gyzykly boldy. Şeýle ýagdaýlarda adam uly bir hazynanyň üstünden baran ýaly bolýan eken. Ynanyň, ylmy işiň başyna geçip, ýadanym, aranym ýadyma düşenok. Öz eşidenleriňi, öwrenenleriňi tizden-tiz köpçülik bilen paýlaşasyň gelýär. Edep-terbiýäniň, milliligiň çuňlugyna siňip giden halk döredijilik eserleri giden bir ylmy-ensiklopediýa eken. Şuňa çuňňur göz ýetirdim.

Ýaş alymyň ýürekden çykýan bu sözleri işiň özeninde hem beýanyny tapýar. Işiň baplarydyr bölümleri bilen gysgaça tanyş boluň!

«Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde türkmen halkynyň maddy medeniýetiniň ylmy-pelsepewi beýany».

«Hormatly Prezidentimiziň eserleri milli ruhy gymmatlyklary öwrenmekde egsilmez çeşmedir».

«Türkmen milli däp-dessurlaryny öwrenmekde «Älem içre at gezer» we «Döwlet guşy» romanlarynyň ähmiýeti».

Ýaş alym ylmy işinde hormatly Prezidentimiziň eserlerinde milli medeniýet düşünjesiniň has uly belentlige göterilýändigini görkezmäge çalşypdyr. Ylym dünýäsine ýaňy gadam goýýandygyndan çen tutsaň, maksadyna-da ýetipdir.

Halkdan alyp, ýene halka

Halk hazynasynyň çuňňurlygyna bir serediň-ä! Käbir dessurlar, däpler sözleriň ornuny tutup bilýär. Şol däp berjaý edildimi, soň sözüň geregem ýok. Ähli zat düşnükli. Gunçadan olaryň käbirini ýazyp hem aldyk.

Ýaş alyma ýolötenli bir enäniň gürrüň berşi ýaly, gyzlaryň geýýän gupbasynyň depesiniň açyk ýa ýapyk bolmagy ýönelige däl eken. Gupbanyň depesiniň ýapyklygy – şol gyzyň adaglanandygyny, açyklygy bolsa adaglanmandygyny alamatlandyrýan eken. Ýa-da ýene şol sebitlerde gudaçylyk däplerinde bişirilýän çapadyda tüýnügiň şekiliniň bolmagy «Öýümiz taýýar» diýen düşünjäni aňladýan eken. Bu şekil gyz tarapyň bu gudaçylygy oňlandygyny aňladypdyr. Garaz, kän...

Aslynda, medeniýet düşünjesi adamzat ösüşiniň özenini düzýär. Adamzat ýaşaýşynyň ähli ulgamynda medeniýetiň düzüminiň ol ýa-da beýleki ugry hereket edýär. Milli Liderimiziň medeni syýasat we medeniýet düşünjesini ulgamlaşdyrýan ylmy we çeper kesgitlemelerini öwrenmek milli medeniýeti gorар saklamagyň, şol bir wagtyň özünde ýaýratmagyň, gözelligi we nерisligi bilen geljege gowşurmak wezipelerini amala aşyrmagyň binýady bolup durýar. Alym Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň şol binýatlyk mazmuny hem ýaş alymyň ylmy işiniň temasynyň wajyplygуnу kesgitleýär.

Iki hazyna birleşende

Talyp gyz Gunça Gurbanowanyň ylmy işinde hormatly Prezidentimiziň türkmen milli medeniýetiniň sebitdäki we dünýädäki ornuny aýdyň kesgitleýän ylmy-çeper eserlerinden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksat edildi. Şu maksat bilen hem Türkmenistanyň dürli künjeginde saklanyp galan, ilat arasynda häzirki wagta çenli dilden-dile geçip gelýän pähimleriň, däp-dessurlar, yrym-уnançlar hakyndaky medeni mirasyň – milli medeniýetiň özboluşlylygуny beýan edýän gymmatly maglumatlary toplanyldy.

Şeýlelikde, talyp gyz Lebap we Mar y welaýatlaryna bolan saparlaryň çäginde heniz çap edilmedik nakyllaryň 100-den, rowaýatlaryň 50-den gowragyny, köp sanly yrymlary, däp-dessurlary we beýlekileri ýygnady. Toplanan maglumatlar ses we ýazgy görnüşinde degişli edaralara tabşyryldy. Şunda diňe Gunça Gurbanowanyň toplan maglumatlarynyň ýazgydaky görnüşi 30 sahypadan hem geçdi. Şeýlelikde, ol bu ylmy işiň üsti bilen hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda medeniýet hadysasyna berlen ylmy-çeper teswiri halk arasyndan toplanan gymmatlyklar bilen baglanyşdyryp öwrendi. Işde umumadamzat gymmatlyklarynyň iň gowularyny düýp özeninde saklaýan milli ýörelgeleriň medeniýet hadysasynyň esasynda durýandygy tassyklanyldy.

Şeýlelikde, 2017-nji ýylda başy başlanan iş ýaş alyma geçen ýyl ilkinji ylmy üstünligi bagyşlady. Ol hemişelik Bitaraplygymyzyň 25-nji ýylynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginde üçünji orna mynasyp boldy. Eger beýleki ugurlar boýunça ýaş alymlar ylym dünýäsine haýsydyr bir şahsy täzeligi hödürleýän bolsa, ynsanperwer ugurlary boýunça gözleg geçiren ýaşlar, şol sanda Gunça Gurbanowa hem halkyň aňyýet çuňlugyndaky gözellikleri, ruhy dünýämiziň göwherlerini şu günki nesillerimize gaýdyp bermek işine goşant goşdy.

– Bäsleşikde ýeňiji bolmak işiň jemlendigi däl. Tersine, başlangyjy. Ykbalymy halk hazynasynyň dürlerine aralaşmaga bagyşlamagy maksat edinýärin. Goý, olar bütin dünýäni ýagtyltsyn! – diýip, ýaş alym bu işi dowam etdirjekdigini ýaňzydýar. Nesip bolsa!

Agageldi ITALMAZOW,

žurnalist.

Meňzeş habarlar

05 Noýabr 2021 | 23271 okalan

Ylymly ýaşlar – kämilligiň ýolunda.

24 Mart 2021 | 28396 okalan

Günbatary maýyl eden sungat