Düýn mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmakda ýaş alymlaryň orny» ady bilen wideoaragatnaşyk arkaly hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa paýtagtymyzyň we welaýatlaryň ylym-bilim edaralarynyň Ýaş alymlar geňeşleriniň ýolbaşçylary, Ylymlar akademiýasynyň halypa alymlary, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýolbaşçylary onlaýn görnüşde gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň geljek bäş ýyl üçin Döwlet maksatnamasynda hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda görkezilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça Ýaş alymlar merkezi we ylym-bilim edaralarynda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşleri tarapyndan alnyp barylmaly işler dogrusynda pikir alşyldy. Şu maksat bilen, Ýaş alymlar merkezi tarapyndan ylym we bilim edaralaryndaky Ýaş alymlar geňeşleriniň arasynda ýörite düzgünnamalar esasynda «Ýaş alym», «Ýaş alymlar geňeşleriniň arasynda programma üpjünçiligi boýunça bäsleşik», «Öňdebaryjy Ýaş alymlar geňeşi» atly bäsleşikleri guramak meýilleşdirilýär. Maslahata gatnaşyjylar ýaşlaryň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmakda, durmuş we ykdysady ugurlaryň ösüşi üçin täze aňyýet goruny döretmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaş alymlary goldamak boýunça Gaznasy hakynda» Kararyň kabul edilmeginiň we ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň geçirilmeginiň wajyp ähmiýete eýedigini hem-de onuň üstümizdäki 2021-nji ýyl boýunça tapgyrynyň yglan edilmegi bilen, taýýarlyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygyny bellediler.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen ylmy gatnaşyklar barha giňeldilýär. Şunuň bilen baglylykda, maslahatda çykyş edenler «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen onlaýn görnüşde geçirilýän halkara maslahatlara ýaşlary gatnaşdyrmak hem-de ýaş alymlaryň arasynda wideomaslahatlary geçirmek üçin alym Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleri dogrusynda gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar syýasaty boýunça geljek bäş ýyl üçin täze maksatnamany tassyklamagy Ýaş alymlar merkeziniň öňünde möhüm wezipeleri goýýar. Ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda görkezilen 56 wezipäniň 5-siniň ýaşlaryň ylmy taýýarlygyny işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek bilen bagly bolmagy munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi alym Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň ýanwarynda döredildi. Ýurdumyzyň 50-ä golaý ylym we bilim edaralarynda 6 müňe golaý geňeş agzasy bolan Ýaş alymlar geňeşleri hereket edýär. Olaryň işjeň gatnaşmagynda «Ylymly ýaşlar – berkararlygyň binýady» atly ýaş alymlaryň ylmy we taslama işleriniň sergi bäsleşigi, «Ýaş alymlar telekommunikasiýa ulgamynda», «Sanly çözgüt» atly bäsleşikler yzygiderli guralyp, ýaş alymlaryň oýlap tapyşlary höweslendirilýär. Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilen bilelikde geçirilýän «Telekeçilik – ylym bilen öňe!» atly maýa goýum maslahatlary we maýa goýum forumlary ýaşlaryň ylmy işlerini önümçilige ornaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçen ýylda açylan paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň ýaşaýyş jaýlarynda ilkinji gezek ornaşdyrylan «akylly öý» taslamasy hem ýaş oýlap tapyjylarymyzyň ylmy döredijiliginiň miwesidir.
Göwher GELENOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň alym kätibi.