Üns beriň, bäsleşik!

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 ýyly mynasybetli ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda

«Parahatlyk ýürek aýdymy – Türkmenistan dostluk mekany» atly döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda diýarymyzda gaýnap joşýan päk zähmetiň netijesinde ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Oba hojalygynda öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar. Ylym we bilim, sport hem saglygy goraýyş ulgamlary gülläp ösýär. Ata-babalarymyzyň arzylap, biziň günlerimize ýetiren milli gymmatlyklarynyň sarpasy belent tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryny baýdak edinýän türkmen ýaşlary ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýärler. Başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde göreldeli okaýarlar. Olaryň arasynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň bolmagy has-da guwandyryjydyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen gazanylýan uly üstünliklere we özgerişlere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmak bilen bilelikde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda «Parahatlyk ýürek aýdymy – Türkmenistan dostluk mekany» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:

– bäsleşige ýurdumyzyň başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşyp bilerler;

– bäsleşige eşretli zamanamyzy, ýurdumyzyň ösüşlerini, milli gymmatlyklarymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy wasp edýän goşgular, poemalar, publisistik makalalar, oçerkler, hekaýalar hem-de oýlanmalar boýunça ýazylan döredijilik eserleri kabul edilýär;

– bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini «Parahatlyk ýürek aýdymy – Türkmenistan dostluk mekany» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri baradaky gysgaça maglumatlaryny – adyny we familiýasyny, okaýan we işleýän ýerini hem-de telefon belgilerini goşmalydyr;

– bäsleşige hödürlenilýän eserleri «Times New Roman» harp ýazuwynda
16-lyk ölçegde setir ara 1,0 görnüşde ýazyp, «turkmen-youth@online.tm» turkmenistandem.partiya.@online.tm atly elektron salgylaryna ibermeli.

– bäsleşige hödürlenilýän eserler 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 20-ne emin agzalary tarapyndan gözden geçirilen işleriň derejesi boýunça jemlener we ýeňijilere bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-88-85, 44-88-16.