«Aşgabat - geçmiş bilen geljegiň arasynda» atly surat bäsleşigi

Şu ýyl Türkmenistan söýgi we umytlaryň şäheri bolan Aşgabat şäheriniň döredilen gününiň 140 ýyllygyny belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheri halkara derejedäki syýasy we işewürlik merkezine öwrülýär, paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýe bolýar.

Türkmenistanyň paýtagty ýyl geçdigiçe özüniň binagärlik sungaty bilen ösdi we kämilleşdi. Häzirki döwürdäki ýaşlar öz dogduk mekanynyň taryhyny we emele gelen pursatlaryny näderejede gowy bilýändiklerini bilmek üçin ORIENT web saýty sizi «Aşgabat – geçmiş bilen geljegiň arasynda» atly surat bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

Arhiw suratlaryna esaslanyp, bäsleşige gatnaşyjylar suratlaryň alnan ýerini kesgitlemeli. Bu wezipe diňe bir köçäniň ýerleşýän ýerini we adyny çaklamak bilen çäklenmän, şol bir ýerde surata düşmek, suratyň alnan ýerini gaýtalamak we paýtagtymyzyň täze keşbini görkezmek zerurdyr. Dogry jogaplary we suratlary info@orient.tm atly elektron salgysyna ibermeli.

Bäsleşigiň netijeleri şu aýyň ahyrynda yglan ediler.