Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini durnukly saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de beýleki degişli edaralara Meýilnamada göz öňünde tutulan işleriň we çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
***
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine pagta süýüminiň dürli görnüşleriniň bellenilen möçberlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Dokma senagaty ministrligine degişli bahalardan ýerlemäge ygtyýar berildi.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we dostlukly hyzmatdaşlykdan ugur alyp, şeýle hem özara hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanyp, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanda öndürilen önümleri bermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, azyk önümlerini we harytlary Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna muzdsuz bermek tabşyryldy.