19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer şu aýda ykdysadyýetiň pudaklary tarapyndan geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlarynda düýpli seljermeleriň esasynda jikme-jik seredilip, pudaklary ösdürmek we alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen taýýarlanylan, 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Şeýle hem pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýlaryny yzygiderli seljermek hem-de iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, durmuş ulgamynyň ösüşine uly üns bermek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça çäreler meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak barada teklipler taýýarlanyldy.
Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde zerur işler geçirilip, şolaryň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 33-sini hususylaşdyrmak teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, düýpli özgertmeler esasynda milli ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Şunda bazar gatnaşyklaryna geçmek we sanlylaşdyrmak, netijeli, häzirkizaman talaplaryna kybap gelýän guramaçylyk hem-de dolandyryş usullaryny ornaşdyrmak esasy ugurlaryň hatarynda durýar.
Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi hem-de Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda işleriň we çäreleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamak barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, hususan-da, nebitgaz toplumyna degişli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek, ony döwrüň talabyna laýyk getirmek baradaky wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dolandyryş ulgamy, sanly görnüşdäki guýularyň we känleriň, sanly düýpli gurluşyklaryň taslamalary bilen birlikde, nebitgaz pudagynda döwrebap IT-tehnologiýalaryň ulanylmagynyň döredýän geljegi barada aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda ýazky ekişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň howdanlarynyň ýagdaýyny seljermegiň, ähli derýalary we akabalary barlamagyň, eger zerur bolsa, olarda arassalaýyş we çuňaldyş işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi we degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ýerli çig malyň esasynda içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli senagat we gurluşyk ulgamynyň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmagyň hem-de diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmegiň, pudaklaýyn kärhanalary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň hem-de öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de programma üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanda umumymilli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şolaryň hatarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ileri tutulýan maksatnamalaryň biridir.
Milli Liderimiz bu babatda daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini, şol sanda sanly ulgamlary dolandyrmak we goramak babatdaky tejribesini öwrenmegiň zerurdygyny aýdyp, elektron maglumatlary ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we programma üpjünçiligini täzelemek meselesi barada aýdyp, wise-premýere bu ugurda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow pagta süýüminiň dürli görnüşlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine ýerlemäge degişli kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde dokma senagatynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň esasynda ugurdaş senagatyň çalt depginde ösdürilmegi netijesinde, diňe bir Diýarymyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýandygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çärelere we dabaralara hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyşyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baýramçylyk çäreleriniň ählisiniň, aýratyn hem şanly seneler mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Şol dabaralaryň her biri çuň many-mazmuna eýe bolmalydyr, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän, umumadamzat ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan oňyn syýasatyň mazmunyny beýan etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow “Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda welosiped sportuny ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de sportda ýokary gazanylanlary has-da ösdürmek, şol sanda şu ýyl Aşgabatda trekde welosiped ýaryşlary boýunça dünýä çempionaty bilen birlikde, iri halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeleriň çözülmegine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen maksatnamanyň taslamasy boýunça birnäçe öwüt-ündewlerini hem-de maslahatlaryny berip, ony döwrüň talabyna laýyk derejede täzeden taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň BMG-niň durmuş ugurly käbir ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Türkmenistanda öndürilen önümleri ibermek baradaky teklibi hödürledi.
Şunuň bilen baglylykda, RF-niň Astrahan welaýatyna ýurdumyzda öndürilen önümleri ibermek barada degişli teklipler taýýarlanyldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynda öndürilen harytlary Türkmenbaşy-Astrahan ugry boýunça Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämisi bilen ugratmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, “açyk gapylar” hem-de giň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen, abraýly halkara guramalary bilen umumy abadançylygyň bähbidine kybap gelýän gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň biriniň – Taslamalara hyzmat etmek baradaky müdirliginiň wekilhanasyny açmak hakynda türkmen tarapynyň hödürlän taslamasyny we teklibini makullap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-russiýa gatnaşyklary baradaky meselä geçip, iki ýurduň halklaryny taryhy taýdan kemala gelen, hoşniýetli erk-isleg, özara ynanyşmak we doganlyk goldawy ýörelgelerine esaslanýan, däbe öwrülen gatnaşyklaryň birleşdirýändigini belledi. Russiýanyň sebitleri we welaýatlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek häzirki döwürde täze mazmuna eýe bolan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýaty—Hazar deňzi boýunça Türkmenistanyň ýakyn goňşusy bolup, bu sebit bilen dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz RF-niň bu sebitine ýurdumyzda öndürilen önümleri ibermek hakynda teklibi makullap hem-de bu wakanyň türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetiniň nobatdaky nyşanyna öwrüljekdigini aýdyp, degişli Buýruga gol çekdi hem-de ony wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi we resminamada bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmekde degişli tabşyryklary berdi.
Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi.
Şeýle hem Milli parlamentiň ýolbaşçysy durmuş syýasatyny amala aşyrmak, hususan-da, köp çagaly maşgalalary, eneligi we çagalygy döwlet tarapyndan goldamak babatda geçirilýän işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli 8 we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlary “Ene mähri” diýen hormatly ada hödürlemek bilen baglanyşykly işleriň geçirilendigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz köp çagaly eneleri sylaglamak barada aýdyp, bu çäräni tutuş ýurdumyz boýunça dabaraly ýagdaýda, şol wakanyň ähmiýetine kybap derejede guramagyň zerurdygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş meseleleriniň çözülişi barada hasabat berdi.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyny üstünlikli amala aşyrmak bilen biz degişli ugurda işleri dowam ederis diýip, milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy S.Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde gurlan gök-bakja önümlerini ýetişdirýän ýyladyşhananyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň durmuş-ykdysady syýasatyň möhüm ileri tutulýan ugrudygyny nygtady. Obasenagat pudagyny we azyk senagatyny depginli ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň, Diýarymyzyň haryt öndürijilerine döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawlaryň berilmegi netijesinde, bu ulgamda örän uly üstünlikler gazanyldy.
Wise-premýer hasabatyny dowam edip, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” we “Türkmenistanyň halk itşynasy” diýen döşe dakylýan nyşanlaryň hem-de “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” diýen medalynyň görnüşleri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dünýäde milli taryhy-medeni mirasymyzy goramagyň hem-de wagyz etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Bu ugurda türkmen alabaýlarynyň tohumçylyk işini ösdürmek, bu täsin tohum itleriniň sanyny artdyrmak alnyp barylýan işleriň möhüm ugruna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz döşe dakylýan nyşanlaryň we medalyň hödürlenen görnüşleri bilen tanyşdy we olary makullady. Munuň özi ata-babalarymyz tarapyndan ýola goýlan gadymy itşynaslyk däplerine hormat goýulýandygynyň beýanydyr, bu bolsa alabaýlaryň tohumyny has-da kämilleşdirmek boýunça häzirki döwürde görülýän çärelerde mynasyp dowam etdirilýär diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.