«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşigi

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdirýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilýän döredijilik bäsleşiginiň

DÜZGÜNNAMASY

I.Umumy düzgünler

1. Şu Düzgünnama “Parahatçylyk: çagalaryň sesi” atly döredijilik bäsleşiginiň (mundan beýläk – “Döredijilik bäsleşigi”) maksatlaryny, wezipelerini, şertlerini we geçiş tertibini kesgitleýär.

2. Döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr.    

II. Döredijilik bäsleşiginiň şertleri we geçiş tertibi

3. Döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylar gatnaşýarlar. Olaryň Watan ezizligi, bagtyýar çagalygy, parahatçylykly ösüşi, dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini, Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistan döwletimize bolan çuňňur söýgüsini açyp görkezýän hem-de “Dünýä dursun parahat!” diýen temada ýazan düzmeleri, çeken suratlary we maketleri degişlilikde bäsleşigiň etrap (şäher), Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlarynyň guramaçylyk toparyna hödürlenilýär.

4. Döredijilik bäsleşiginiň her tapgyrynda eminler topary tarapyndan ýerlerden saýlanyp alnan işler bäsleşigiň indiki tapgyryna gatnaşdyrylýar.

5. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri baradaky şu maglumatlar her tapgyrdan soň nobatdaky tapgyryň guramaçylyk toparyna 5 günden gijä galman iberilmelidir:

– bäsleşige gatnaşyjynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da pasportynyň göçürmesi;

– gatnaşyjy barada umumybilim berýän mekdebiň müdiri tarapyndan tassyklanan güwänama;

– gatnaşyjynyň ýaşaýan ýeriniň salgysy we telefon belgisi;

– 3x4 ölçegdäki 2 sany fotosurat.

6. Döredijilik bäsleşigine gatnaşýan okuwçylaryň hödürlän işlerinde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşi,  parahatsöýüjilik ýörelgeler, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, mukaddes Garaşsyzlygymyz (maket görnüşi), “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi wasp edilmelidir. 

7. Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän “Dünýä dursun parahat!” diýen temada ýazylan düzmäniň möçberi uly bolmadyk göwrümde (3 sahypadan köp bolmadyk) bolmalydyr.

8. Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän surat eserleriniň ölçegi 50x70 sm (boýy 50 sm, ini  70 sm) ululykdaky kagyza ýerleşdirilip, olaryň daşy ramkalanan görnüşinde bolmaly we suratlar çekilende guaş reňkleri ulanylyp, olar plakat görnüşinde berilmeli. Maketleriň ölçegi 50x70 sm (boýy 50 sm, ini  70 sm) ululykda bolmaly.

9. Döredijilik bäsleşiginiň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrynda seçilip alnan işler Baş bilim müdirlikleri, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň Aşgabat şäher we welaýat bölümleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşleri tarapyndan tassyklanan bolmalydyr.

10. Döredijilik bäsleşigi şu aşakdaky tertipde geçirilýär:

birinji tapgyr 2021-nji ýylyň 20-nji fewralyndan 10-njy martyna çenli aralykda umumybilim berýän mekdeplerde geçirilýär, bu tapgyrda yglan edilen ugurlaryň her biri boýunça tapawutly işleriň 2 sanysy saýlanylyp alynýar we bäsleşigiň indiki tapgyryna hödürlenilýär;

ikinji tapgyr 2021-nji ýylyň 15-23-nji marty aralygynda etraplarda, şäherlerde geçirilýär, bu tapgyrda yglan edilen ugurlaryň her biri boýunça tapawutly işleriň 3 sanysy saýlanylyp alynýar we bäsleşigiň indiki tapgyryna hödürlenilýär (bu tapgyrda ýeňiji bolan işleri taýýarlan, işeňňir gatnaşan okuwçylar döredijilik bäsleşigini guraýjylaryň ýerli bölümleri tarapyndan sylaglanylýar);

üçünji tapgyr 2021-nji ýylyň 25-nji martyndan 3-nji apreline çenli  aralykda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilýär, bu tapgyra bäsleşigiň etrap, şäher tapgyrlarynda  yglan edilen ugurlar boýunça 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelän işler gatnaşdyrylýar (bu tapgyrda ýeňiji bolan işleri taýýarlan, şeýle-de işeňňir gatnaşan okuwçylar döredijilik bäsleşigini guraýjylaryň ýerli bölümleri tarapyndan sylaglanylýar), bu tapgyrda  ýeňiji bolan işler 2021-nji ýylyň 10-njy apreline çenli Türkmenistanyň Bilim ministrligine iberilmelidir;       

döredijilik bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Aşgabat şäherinde geçirilýär we bu tapgyra bäsleşigiň Aşgabat şäher we welaýat tapgyrynda mekdep okuwçylarynyň ugurlar boýunça 1-nji we 2-nji orunlary eýelän işleri gatnaşdyrylýar.

11. Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyryny guramaçylykly geçirmek üçin Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdirýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekillerinden, ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary dörediler.

Bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyrynda ýokarda görkezilen 3 sany ugruň her biri boýunça 3 sany döredijilik işi saýlanyp alnar we 1-nji, 2-nji,  3-nji orunlar boýunça ýeňijiler kesgitlener. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

12. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdirýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň diplomlary we sowgatlary, işjeň gatnaşan mekdep okuwçylaryna hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan  işler “Güneş” žurnalynda çap ediler.  

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-86-40;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-85, 44-88-79.