Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» atly kitabynda: «Jemgyýetde goňşusyna kömek etmek duýgusy höküm sürýän bolsa, onda bu milletiň ahlak taýdan sagdynlygyna şaýatlyk edýär» diýip bellemek bilen, goňşy döwletlere ynsanperwer kömegi bermegiň özüniň hem hut sagdynlykdan başlanýanlygyny aýratyn nygtaýar.
Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň göwrümli, ynsanperwer häsiýetli maksatnamalar dünýä ösüşlerini nazarlaýan Durnukly ösüş maksatlaryna sazlaşykly utgaşdyrylýar. Milli Liderimiziň ak patasy bilen gülläp ösýän Türkmenistan döwletimiz Durnukly ösüşiň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen jemgyýetçilik gurluş, maýa goýum, ylmy-tehniki we innowasion ilerlemeler, ykdysadyýetiň hakyky böleginiň höweslendirilmegi okgunly ösüşiň binýatlaýyn maksatlary hökmünde bellenendir. Bu ugurlar Birleşen Milletler Guramasynyň bütindünýä derejesinde yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna dolulygyna laýyk gelýär hemde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň jahanyň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk ýoluna gyşarnyksyz eýerýänligine şaýatlyk edýär. Sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň jemgyýetimizde berkarar bolmagyny gazanmaklyk diňe bir döwletimizde durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalarda, Türkmenistanyň kanunlarynda, lukmançylyk edara, milli şypahana, dynç alyş ulgamynyň ösdürilmeginde däl, eýsem jemgyýetçilik durmuşynyň hilinde, adamlaryň ruhy we medeni aňynyň ösmeginde, milletimiziň taryhyny, şu gününi we geljegini aňlamagynda öz beýanyny tapýar. Öňe sürülýän sagdyn durmuş ýörelgeleri, ileri tutulýan ruhy gymmatlyklar Gahryman Arkadagymyzyň il-halkyň ruhy-aň ösüşini ýokarlandyrmak boýunça alyp barýan syýasatynyň aýrylmaz ugry bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny, abadançylygyny üpjün etmek, bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek, syýahatçylyk mümkinçiliklerini işe girizmek hem giňden mahabatlandyrmak halkara giňişliginde barha giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýar. Milli Liderimiziň tutanýerlilik bilen öňe süren aýratyn möhüm ähmiýetli üç ugry Türkmenistan Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga has-da kuwwatly itergi berdi. Sebit we umumadamzat häsiýetine eýe bolan meşhur sport ýaryşlary — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi hem-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň özüni hem, milli sportumyzy dünýäniň öňdebaryjy sport älemine çykarmakda-da aýratyn möhüm wakalar hökmünde dünýä taryhynda ebedi orun aldy.
Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen sport älemindäki strategik ähmiýetli bu oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da pugtalandyrmak bilen bir hatarda, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda ýurdumyzyň oňyn tagallalaryny giňden wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döretdi. Bu oýunlar Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýän Türkmenistanda sporty, bedenterbiýäni köpçülikleýin ösdürmäge, sagdyn hem arassa ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, çyn zehinleri ýüze çykaryp, olardan ussat türgenleri taýýarlamaga, sagdyn jemgyýeti kemala getirmäge bimöçber ünsüň berilýändigini subut etdi. Sport ýaryşlarynyň milli däp-dessurlara laýyk, milletimiziň iň gowy edim-gylymlaryny, aýratyn-da ata-babalarymyzdan gelýän myhmansöýerlik ýörelgeleri esasynda guralmagy Türkmenistany saýlap alan ýoluna ygrarly, asylly maksatlaryna pugta eýerýän döwlet, türkmenistanlylary bolsa agzybir hem lebzihalal millet hökmünde dünýä tanatdy.
Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlarynyň her biri ahyrky jeminde halkymyzyň hatyrasyna, onuň saglygyny we abadan durmuşyny üpjün etmek maksatlaryna gönükdirilendir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy esasynda 193 döwletiň goldamagynda her ýylyň 3-nji iýunynyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmeginiň özi hem dünýä jemgyýetçiligine welosiped sürmegiň saglyga näderejede peýdasynyň barlygyny açyp görkezdi. Her ýylyň ýaz hem güýz aýlarynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk ýowary geçirilýär. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýörelgelerine ygrarly millionlarça türkmenistanlylar bedenterbiýe we sport baýramçylyklaryna, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly çäreleriň biraýlygyna, ählihalk spartakiadalaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Köpetdagyň gerşinden geçýän Saglyk, asma tanap ýollaryna çykmak, köpçülikleýin welosiped sürmek ýaly çäreler indi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň bu abraýly hem il bähbitli çärelere gatnaşmagy halkymyzyň sagdynlygyny üpjün etmek işleriniň ýokary ähmiýetli döwlet wezipesi bolup durýanlygyndan habar berýär.
Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly Х tomdan ybarat düýpli ylmy işi, «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitaby türkmen lukmanlary üçin il saglygyny goramak, dikeltmek, bejermek hem pugtalandyrmak işinde bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň barlag işleriniň netijesinde ele salnan neşe hem psihotropiki maddalary ýok etmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Döwlet utgaşdyryjy toparynyň bilelikdäki Halkara neşe serişdesiniň bikanun dolanyşygyna, ýaýradylmagyna, ulanylmagyna garşy göreş gününe bagyşlanyp, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat jülgesinde bu jisimiň uly möçberiniň ýakylmagy boýunça geçirilýän çäreleriň ähmiýetini bellemezlik asla mümkin däl. Şu ýerde dünýä döwletleri tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň 3-nji maksady bolan «Sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek we ähli ýaşdakylaryň abadançylygyna ýardam bermek» ugry boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan başga-da birnäçe nusgalyk işler barada agzap geçsek, has hem ýerine düşer.
Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) gatnaşýan ýurtlaryň ýolbaşçylygy astynda adamzadyň taryhynda ilkinji gezek geçirilen global ösüş tejribesi boldy. Onuň çäklerinde anyk wezipeler işlenip taýýarlanyldy we ýurtlar tarapyndan şol wezipeleriň amala aşyrylmaly möhletleri kesgitlenilip, gazanylan ösüşi ölçemek üçin işiň netijelerine döwürleýin gözegçilik etmek bellenildi. Utgaşykly häsiýete eýe bolan bu maksatlar ähli ýurtlar babatynda deň derejede ulanarlyklydyr. Türkmenistan özüniň ileri tutýan zerurlyklaryndan ugur alyp we ykdysady kuwwatyna daýanmak bilen, milli tagallalary düýpli özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirýär. Milli özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegi Durnukly ösüşiň ähli maksatlaryny üpjün etmäge niýetlenilendir.
Bu işleriň günsaýyn rowaçlanmagyna, adamzadyň durnukly ösüşiň ýokary derejesine ýetmegine esasy täsir edýän faktor hem sagdyn durmuş ýörelgesi hasaplanýar. Biziň ýurdumyzyň tejribesine, esasan hem, durmuş ulgamynda, saglygy goraýyşda, bedenterbiýe we sportda ýetilen beýik sepgitlere, gazanylan üstünliklere dünýä bileleşigi tarapyndan aýratyn baha berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda taýýarlanylan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy Türkmenistany dünýäniň ýokary ykdysady görkezijileri we ilatyň aňrybaş abadançylygy bolan kuwwatly ýurtlaryň hataryna çykarmak barada anyk wezipeleri kesgitleýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda bu ugurda maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýan çäreleriň gözbaşynda milli saglygy goraýyş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň göwrümli özgertmeleri görkezmek zerur.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk enjamlaşdyrylan Halkara lukmançylyk, keselleri anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, derman öndürýän kärhanalar, saglyk öýleri, köpugurly hassahanalar, bedenterbiýe we sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanyşa girizilýär. Ýurdumyzda yzygiderli neşir edilýän «Saglyk», «Türkmenistanyň lukmançylygy» žurnallarynyň sahypalarynda halkymyzyň saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga we bejermäge, adamlaryň ömrüni uzaltmaga gönükdirilen lukman maslahatlary yzygiderli çap edilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň çilimiň adamyň saglygyna zyýanly täsiri baradaky öňe sürýän tagallalaryna goşulyşyp, ýurdumyzyň çäginde — ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli kärhanalarda, guramalarda, harby bölümlerde we birikmelerde, ähli okuw mekdeplerinde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda, teatrlarda we kinoteatrlarda, jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde, seýilgählerde, raýatlaryň köpçülikleýin barýan ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi. Bu çözgüt ildeşlerimize bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmaga, zyýanly endiklerden gaça durmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaga kuwwatly itergi berdi.
Ynsan saglygy köp babatda daşky gurşawyň sagdynlygyna, tebigy gözelliklere, adamlaryň ýaşaýan hem işleýän şertlerine köp derejede baglydyr. Şäherlerimizde döredilen köp sanly gözel seýilgähler, medeni binalar, sport desgalary gysga wagtyň içinde adamlaryň köpçülikleýin barýan, höwes bilen dynç alýan ýerlerine öwrülýär. Ynsan ruhuna kuwwat, tükenmez gujur-gaýrat bagyşlaýan milli küştdepdi tansymyz 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bimöçber tagallalaryň, ilhalar işleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi sagdyn durmuşymyzyň binýadyny berkitmek bilen bir hatarda, adamzat ösüşini tizleşdirmegiň netijeli guralyna öwrüldi. Sagdynlykda her bir adamyň ruhy hem beden baýlygy, ýaşaýşyň tämiz manysy, maşgalanyň agzybirligi, jemgyýetiň abatlygy jemlenendir. Adam ösüşiniň düýp maksady diňe bir onuň gazanýan maliýe girdejisi bilen ölçenmeýär. Adam ösüşi onuň sagdynlygy, uzak ömri, giň gözýetimi, ruhy kämilligi, döredijilik ylhamy bilen kesgitlenýär. Türkmenistanda ilatyň ortaça ýaşy yzygiderli artýar. Çagalara we ýaşlara berilýän bilimiň hili ýokarlanýar. Ýaş eneleriň we çagalaryň ölümini azaltmak we onuň öňüni almak, ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ilatymyzy arassa agyz suwy, howpsuz azyk önümleri, sanjym depderçesi we saglyk ätiýaçlandyryş pasporty arkaly mugt hem 50 göterim ýeňillikli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek bellenendir. Maşgala lukmançylygynyň dünýä ülňülerine kybap ýola goýulmagy bu ugurdaky ýene-de bir möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Sanitar kodeksine laýyklykda, ýurdumyzda epidemiki taýdan abadançylygy üpjün etmek maksady bilen her bir raýata ýokanç kesellere garşy öňüni alyş sanjymlary geçirmek döwlet tarapyndan kepillendirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýakynda gurlup, ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň işiniň döwrebap derejede ýola goýulmagy adam we onuň ekologiýa taýdan arassa iýmitlenmegi barada döwletimiz tarapyndan raýatlary hakynda bimöçber aladalaryň edilýändigine şaýatlyk edýär. Bu merkeziň düzümindäki dürli görnüşli, ýagny referens barlaghanaly wirusologiýa, parazitologiýa, toksikologiýa, radiasion gigiýena, aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek, daşky gurşawyň faktorlarynyň fiziki-himiki, iýmit önümleriniň molekulýar-genetiki, bakteriologiýa we immunoferment usullary arkaly barlagy bölümleriň barlaghanalarynda işleriň ýokary derejede talabalaýyk ýola goýulmagy jemgyýetçilik iýmiti ugrunda arassaçylyk çäreleriniň doly ýerine ýetirilmegine giň ýol açdy. Adamyň saglygy hakyndaky aladany ilkinji orunda goýýan Gahryman Arkadagymyzyň diňe bir iýmitlenmek däl, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda ulanýan parfumeriýa önümleriniň, oňa goşulýan goşundylaryň, hatda daş gaplaryň hiline baha bermek bilen, onuň adamyň saglygyna ýetirip biljek zyýanly täsirine dürli görnüşli barlaglary geçirmek bilen ulanmagy ýa-da ulanmaly däldigi baradaky netijäni çykarýan bu merkeziň işi halkara öňdebaryjylaryň derejesinde döwrüň talabyna laýyk ýola goýlandyr. Şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Milli AIDSiň öňüni alyş merkeziniň howply jyns gatnaşyklary, gan üsti bilen geçiş wehimlerinden sowa geçmek, olaryň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ilatyň dürli gatlaklarynda alyp barýan wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş, kämil aň-düşünje, pähimpaýhas, abadan ýaşaýyş ýörelgeleri esasynda öňe sürýän başlangyçlary tutuş halkymyzyň arasynda gyzgyn goldaw tapýar. Ýurdumyzda bitýän derman ösümlikleri bilen bejergini artdyrmak, ilat arasynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny guramak, ýurdumyzyň aýry-aýry çet sebitlerinde raýatlara göçme saglyk barlaghanalarynda barlag, lukmançylyk hyzmatlaryny etmek arkaly keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, sanly ykdysadyýetiň düzüminde göz öňünde tutulýan awtomatlaşdyrylan, internet usullarda maslahatmaglumatlary alyşmak ýaly çäreler özüniň oňyn netijesini görkezýär. Türkmenistan döwletimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu işler ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky 2016 — 2020-nji ýyllarda esasy çäreleri kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek baradaky Çarçuwaly hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň doly ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär.
Arkadag Prezidentimiziň ýöredýän Durnukly ösüş syýasatynyň netijesinde Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda özleşdirilýän maýa goýumlaryň saldamly bölegini durmuş ýaýrawyna gönükdirýän ýurtlaryň görnükli hataryna ýaraşyk berýär. Her ýylda kabul edilýän Döwlet býujetiniň 70 göterimden gowragy sagdyn durmuşa, durmuş maksatly önümçilik desgalaryň gurluşygyna gönükdirilýär. Türkmenistan sagdyn durmuşyň binýady hasaplanylýan durnukly ekologiýa syýasatyna ygrarly bolmagynda galýar. Watanymyz tutuş dünýäde sagdyn ekologiýany goramak, arassa tebigy gurşawy kemala getirmek boýunça oňyn teklipler bilen öňe çykýan döwlet hökmünde tanalýar. Munuň özi geljekde durmuşymyzyň howpsuz, gözel, adalatly bolmagyna saldamly goşantdyr. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky bimöçber tagallalary gülläp ösýän, sagdyn dünýäni kemala getirmäge gönükdirilip, tutuş dünýäde durmuş ýörelgeleriniň ykrar bolmagyna, ähli ýaşdaky adamlaryň abadançylygyny gazanmaga ýardam berer.
Hangeldi GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady, maliýe we hukuk töwekgelçiliklerini seljeriş müdirliginiň başlygy.
“Nesil” gazeti,
15.12.2018ý.