Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň wajyp meselelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz kanunçylyk hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň häzirki döwürde ýurdumyzyň okgunly ösmeginiň aýrylmaz şertidigini belledi. Milli Liderimiz kanunçykaryjylyk işi babatda tejribe alyşmak, halkara bileleşigine Türkmenistanyň häzirki gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrmak boýunça Mejlisiň işini giňeltmegiň möhümdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz birinji Hazar ykdysady forumyny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2019njy ýylyň 12-nji awgustynda çäreleri geçirmek bilen bagly meselelere garady. Şol gün, däp bolşy ýaly, Hazar deňziniň güni bellenilýär. Hormatly Prezidentimiz Hazar sebitiniň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Bu syýasat oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr. Ýurdumyz bu ugurda yzygiderli ädimleri ätmek bilen, Hazaryň köpugurly kuwwatyny amala aşyrmaga uly goşant goşup, onuň parahatçylyk, dostluk we agzybirlik deňzi derejesini berkitmäge ýardam edýär. Ýaş türkmenistanlylaryň dynç alşyny gyzykly we peýdaly guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Medeniýet ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde çagalar sagaldyş merkezlerinde Täze ýyly baýram etmegiň, teatr we çagalar döredijilik toparlarynyň, ýaş artistleriň döredijilik çykyşlarynyň, Aýazbabanyň we Garpamygyň çykyşlarynyň maksatnamasy taýýarlanyldy. Çagalaryň arasynda dürli döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary we dürli ugurlara degişli bäsleşikler geçiriler. Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän nesliň abadançylygy we bagtyýarlygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz gyşky dynç alyş günlerinde çagalaryň oňat dynç almagy, wagtlaryny şadyýan, gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin hemme çäreleri göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi baradaky meselä degip geçip, ähli dabaralaryň hemde Täze ýyla bagyşlanan çäreleriň ýokary derejede, giňden we şowhunly guralmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz 2019-njy ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulýan dürli forumlaryň sanawyny tassyklaýan resminama gol çekip, ýurdumyzyň maýa goýumlaryny hem-de nou-haulary çekmäge gyzyklanma bildirýändigini we şeýle işewür çäreleriň önümçiligiň dürli ulgamlarynda hem-de tehnologiýalarynda daşary ýurtlaryň iň gowy işläp taýýarlamalary bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda guralýan halkara maslahatlaryň we sergileriň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň tejribe toplamakda aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Munuň özi Türkmenistanyň dürli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini, ýeten derejesini we ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny giňden wagyz etmekde has-da wajypdyr. Şeýlelikde, halkara ähmiýetli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi we netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň pudagy tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn üns berýändigini nygtap, ulag toplumynyň kärhanalarynyň işiniň zerur hil derejesini üpjün etmek boýunça gözegçiligiň güýçlendirilmegine aýratyn ünsi çekdi. Bu toplumy dünýä ölçegleriniň ýokary derejesine çykarmak üçin innowasion çemeleşmeler hem-de hereket etmegiň anyk meýilnamasynyň berjaý edilmegi zerurdyr. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz maliýe-ykdysady topluma girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini has-da özgertmek, degişli döwlet we milli maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi. Häzirki döwürde milli ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna esaslanýan wagty Türkmenistan senagatlaşdyrmak, döwlet emlägini hususylaşdyrmak hem-de döwlet kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, şeýle hem bank ulgamyny we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen ädimleri ädýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ähli edaralaryň maliýe ýagdaýyny yzygiderli seljermegiň, şeýle hem şonuň esasynda bu ugurdaky işleri kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, bazar ykdysadyýeti babatda öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini öwrenmek hem-de ony iş ýüzünde ornaşdyrmak meselelerine uly üns bermegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz anyk görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we zähmetde uly üstünlikleri, berkarar Watanymyzyň mähriban halkyna bolsa beýik rowaçlyklary arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
18.12.2018ý.