Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan eden «Parahatlyk ýürek aýdymy – Türkmenistan dostluk mekany» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyplyklary bu günki ýaşlarymyzyň kalplaryna ylham, joşgun berýär. Zehinli ýaşlarymyzyň döredijiliginde Berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper sözde wasp edýärler. Döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen gazanylýan uly üstünliklere we özgerişlere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, türkmen medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmak bilen bilelikde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda şeýle döredijilik bäsleşikleriň geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni giňden wasp etmekden, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekden, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.
Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä bileleşigindäki abraý-mertebesiniň häzirki buýsançly döwürde ajaýyp öwüşginleriniň many-mazmunyny il içinde wagyz etmekde mundan beýläkde hem joşgunly zähmet çekjekdiklerini, Mähriban Arkadagymyzyň hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrmakda tutanýerli yhlasly goşantlaryny goşjakdyklaryny ynandyrdylar we dünýäde ösüş arkaly parahatçylyk ýörelgäni amal edýän bu ugurda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Ýaşlaryň Hak Howandary Arkadag Prezidentimiziň janyň sag, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler hem-de bäsleşigiň ýeňijilerine bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
«Parahatlyk ýürek aýdymy – Türkmenistan dostluk mekany» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri:
Annageldi Godorow – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby
Maksatmyrat Çaryýew – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby
Gülşat Ahunowa – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby
Ýazgül Udiýewa – Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby
Güljan Aşyrowa – Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 1-nji talyby
Agajan Apbaýew – Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby
Ogulgerek Gurbanowa – Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň talyby
Bilbil Öwezowa – Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Aýlar Atajykowa – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby
Seýitmuhammet Seýitmuhammedow – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby
Kerim Hallyýew – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby
Gunça Gurbanmämmedowa – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby
Aýgözel Garlyýewa – Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Türkmen dili we edebiýaty” hünäriniň IV ýyl talyby
Merdan Nuryýew – Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Senagat tehnologiýa fakultetiniň energetika pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy hünäriniň 5-nji ýyl talyby
Aýlar Atadurdyýewa – Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Kompýuter-tehnologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Oguljeren Hudaýnazarowa – Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Suraý Öräýewa – Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby
Mähri Saparmedowa – Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby
Söýli Nuryýewa – Balkan welaýat maliýe – ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyby
Parahat Akmyradow – Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň “Salgytlar we salgyt salmak” hünäriniň 2-nji ýyl talyby
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.