1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň şöhratly 140 ýyllyk we Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllyk şanly seneleriniň toýuna ýokary derejede taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, bu wakalara gabatlanylyp geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz biziň esasy maksadymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmekden, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekden ybaratdygyny belläp, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanmagyň hökmany şert bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, her bir ýolbaşçynyň özüne ynanylan wezipeleri ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli, yhlasly we päk ýürekden çemeleşmegi möhüm talapdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.