Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň düzüminde zähmet çekýän gyz-gelinlere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiziň adyndan gyz-gelinleri baýramçylyk gutlaglary bilen gutlap olara dabaraly ýagdaýda sowgatlary gowşurdylar. Soňra Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aýdym saz toparynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary giňden ýaňlandy. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň soňunda dabara gatnaşyjylar Berkarar Watanymyzyň abraýyny Ýer ýüzünde belentden belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler!
Täzelikler
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy
04 Mart 2021
4341
![](/uploads/cache/item/9f0312324c15c751fd1184578506d26d-450x3002.jpg)
Meňzeş habarlar
05 Fewral 2025
| 687 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI...
02 Fewral 2025
| 6261 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
MILLI SIRK SUNGATYMYZ DÜNÝÄ DEREJESINDE YKRAR EDILÝÄR
02 Fewral 2025
| 5599 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>