5-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy. Şol meseleleriň çözülmegi bolsa halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky» Karara gol çekdi. Ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy 20-nji martda geçiriler. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli Liderimiz duşenbe güni, 8-nji martda ýurdumyzda belleniljek Halkara zenanlar güni mynasybetli eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy bu nurana baýram bilen tüýs ýürekden gutlady we olara berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny we abadançylygyny arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlaryny bermek barada hem karara gelendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherinden «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sylaglary we sowgatlary jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde gowşurmagy Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa, ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny bolsa Aşgabat şäher häkimliginde gowşurmagy şäheriň häkimine tabşyrdy. Milli Liderimiz şeýle hem welaýatlarda sylaglary we ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmagy welaýat häkimlerine tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz ähli zenanlary baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek gutlap, degişli ýolbaşçylara meýilleşdirilen dabaralara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.