Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda türkmen alymlary bilen duşuşyk geçirmegi taryhy waka boldy. Şunda hormatly Prezidentimiz ylmy ösdürmek, ylmyň gazananlaryny dünýä ölçeglerine laýyk getirmek ýaly meselelere garap, ylmyň ähmiýetini we ileri tutulýan ugurlarynyň wezipelerini kesgitläp berdi. Milli Liderimiz türkmen ylmynyň dürli ugurlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan esasy strategik çözgütleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurlygyny belledi we ylmyň jemgyýeti özgerdiji güýçdügini durmuşyň özüniň görkezýänligini aýratyn nygtady.
Bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamynda giň gerimde alnyp barylýan işler ösüp gelýän ýaş nesle halkara ölçeglerine laýyk derejede çuňňur we ýokary hilli bilim bermekde, olary milli ruhda terbiýelemekde iňňän uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ykdysady-syýasy we medeni-ruhy taýdan ösmegine ýardam etjek ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumy bilim berýän mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna uly ornuň degişlidigini nygtamak bilen: «Geljegimiz bolan ýaş nesilleri Watanymyza wepaly edip terbiýelemekde mugallymlaryň, bilim işgärleriniň hünär ussatlyklarynyň, alyp barýan netijeli işleriniň örän uly ähmiýeti bardyr» diýip belleýär. Mugallymlar her gün geçýän sapaklarynda dünýä derejesinde ykrar edilen okuw usullaryndan, serişdelerinden ýerlikli peýdalanýarlar, ýaşlaryň akyl, beden we ruhy-ahlak taýdan kämilligini ösdürmäge degişli köptaraply işleri alyp barýarlar. Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň giň düşünjeli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde özüniň şahsy göreldesi, ajaýyp ylmy we edebi döredijiligi, alyp barýan adalatly we ynsanperwer syýasaty bilen ýaşlara nusga alarlyk görelde bolýar.
Milli Liderimiziň tagallasy netijesinde paýtagtymyzda Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylyp ulanylmaga berilmegi, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň işe başlamagy, umumy bilim berýän mekdeplerde türkmen, iňlis, rus dilleri bilen birlikde hytaý, ýapon dilleriniň girizilmegi, türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdeplerine okuwa goýberilmegi, her ýylda aspirantura, doktorantura dalaşgärleriň kabul edilmegi döwlet derejesinde ylym-bilimi ösdürmäge aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Mähriban Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine götermekde, jemgyýetimizde sazlaşykly ösüşi gazanmakda biz ylma hem-de ýokary tehnologiýalara aýratyn orun berýäris» diýen sözleri döredijilikli işlemäge, ylymda täze açyşlar etmäge, tehnikanyň, tehnologiýanyň, innowasion tejribäniň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga goldaw berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça» bäsleşigi geçirmek hakynda gol çeken Kararynyň esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde her ýyl ýaşlaryň arasynda ylmy bäsleşik geçirýär. Bu möhüm çäre ylma höwesjeň ýaşlary ýüze çykarmaga, döredijilikli işlemäge, ylym bilim ulgamlaryny kämilleşdirmäge, ýokary hünärli ýaş ylmy işgärleri taýýarlamaga giň ýol açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakynda», «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakynda» Kararlara gol çekmegi, «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň döwlet Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda ylym ulgamynyň kämilleşmegine aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Kabul edilen resminamalar ýaşlary ylmy işe çekmäge, dünýäniň ylmy giňişliginde bäsleşige ukyply ýaş alymlaryň neslini taýýarlamaga giň mümkinçilikler döredýär. Ýaş alymlara maddy goldaw bermek, olaryň amala aşyrýan ylmy barlag işlerini we taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş alymlary goldamak boýunça gaznasy» döredildi. Milli ykdysadyýetimiziň kämil derejede ösmegi bilimiň, ylmyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň gazananlaryny giňişleýin ornaşdyrmaga, öz işiniň ussady bolan hünärmenleri taýýarlamaga, berilýän bilimleriň adamyň durmuş jogapkärçiligini, halkymyzyň taryhy we milli däp-dessurlaryny, onuň ahlak gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Ýaşlara berilýän ylym-bilimiň milli tejribesi dünýä ülňülerine daýanmak bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar.
Gahryman Arkadagy bolan türkmen ýaşlary «Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar» diýen dana söze uýmak bilen, ylmy we döredijilik bäsleşiklerde öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Hormatly Prezidentimiz: «Döwletimizde bilim, ylym babatda gazanylan ösüşler we amala aşyrylýan özgertmeler bilen mugallymyň hem, okuwçynyň hem öňünde ägirt uly döredijilik mümkinçilikleri açylýandyr» diýip aýtmak bilen, ylym bilimiň jemgyýetçilik durmuşyndaky tutýan ornuna ýokary baha berýär. Beýik özgertmelere badalga berýän we ony üstünlikli durmuşa geçirýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Janabaý ŞYHYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň pedagogika kafedrasynyň müdiri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.
“Nesil” gazeti,
20.12.2018ý.