Türkmenistanyň ministrlikleriniň üçüsinde we TYA-da «Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy» bölümi açylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji martdaky geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyza garamagyndaky käbir düzümleriň işini kämilleşdirmek baradaky teklipleri hödürledi.

“Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan”, döwlet Baştutanymyzyň “Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda” Kararyndan, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň merkezi edarasynyň düzüminde “Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy” bölümini açmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümleriň Düzgünnamalaryny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň örän wajypdygyny belledi. Bu ulgam häzirki döwrüň şertlerinde ähli işleri ýokary derejede guramaga, utgaşdyrmaga, ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligine hem-de hiline gözegçiligi amala aşyrmaga ýardam edýän dolandyryşyň netijeli guraly bolup durýar. Döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, “Elektron hökümet” ulgamyny işjeň ornaşdyrmak döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajyp şertidir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyryp, döwrebap sanly ulgamlary mundan beýläk-de ornaşdyrmak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY