Aşgabat – baky bagtyň şäheri

Aziýanyň merjen şäherine öwrülen Aşgabat häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk syýasaty netijesinde dünýäniň iň owadan we arassa şäherleriniň biri hökmünde tanalýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutuljak «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda baş şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny giňden belläp geçeris. Ministrler Kabinetiniň 26-njy fewralda geçirilen mejlisinde bu şanly senäni dabaraly geçirmek boýunça Hökümet topary döredildi we 35 bölümden ybarat meýilnama tassyklanyldy. Munuň özi paýtagtymyzy ösdürmek we ony has-da gözelleşdirmek meseleleriniň milli Liderimiziň yzygiderli üns merkezinde durýandygyny doly subut edýär.

Aş­ga­bat – ak mer­mer­li bi­na­laryň mesgeni. Bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen, paýtagtymyzyň binagärlik keşbi tanalmaz derejede özgerýär. Bu ýerde bina edilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar bilen paýtagtymyzyň şähergurluşyk infrastrukturasy has-da ösýär. Baş şäherimizde amala aşyrylýan şeýle giň gerimli özgertmeler netijesinde Aşgabat gülläp ösýän ajaýyp şäher we möhüm ykdysady merkez hökmünde ykrar edilýär. Ak şäherimiz ak mermerli binalary bilen bir hatarda, halkymyzyň ägirt uly ruhy galkynyşyny alamatlandyrýan ýörelgeleri özünde birleşdirýär. Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk syýasaty esasynda Aşgabat sazlaşykly we döwrebap derejede ählitaraplaýyn ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenilip taýýarlanylan şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzda gurulýan binalar Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyndan mynasyp orun alýar. Bu bolsa paýtagtymyzda özboluşly we başga hiç bir ýerde gaýtalanmajak milli binagärlik gurşawynyň kemala gelýändigini tutuş dünýä ýüzüne aýan edýär. «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek we paýtagtymyzy has-da ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu taryhy senäni ýokary derejede geçirmek boýunça Hökümet toparynyň döredilmegi hem-de 35 bö­lüm­den yba­rat me­ýil­na­ma­nyň tassyklanylmagy muny subut edýär. Gözel Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli dürli medeni we köpçülikleýin çäreler, «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХ halkara köpugurly sergi, «Aşgabat – Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­byn­da» atly dabaraly maslahat, döredijilik bäsleşikleri, konsertler, halkara onlaýn duşuşyklar, media-forumlar, sport çäreleri we at çapyşyklary geçiriler. Şäheriň gününiň öň ýanynda «Aşgabat bahary» gysga göwrümli çeper filmleriň festiwalynyň jemi jemleniler. Öz gezeginde, göz öňünde tutulan bu çäreleriň her biri paýtagtymyzyň gazanan üstünliklerini hem-de onuň dürli ulgamlardaky ägirt uly mümkinçiliklerini beýan eder we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamasynyň gerimini açyp görkezmäge ýardam berer.

Enejan BEGNAZAROWA,

 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.