Kalby şatlykdan doly gyzjagazlaryň waspy

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan umumybilim berýän mekdepleriň okuwçy gyzjagazlaryň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz – 2021» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar nesilleriniň bolelin durmuşda ýaşamagy, şadyýan, sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, geljekde Watanymyza peýdaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin durmuşa geçirýän beýik işlerinden, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungata, döredijilige bolan söýgüsini artdyrmak, bilimlerini kämilleşdirmek, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olary goldamak, olaryň ählitaraplaýyn kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik eýjejik gyzjagazlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, olaryň milli häsiýetlerimizi özünde jemleýän edep-ekramyny beýan etmäge örän ähmiýetlidir.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynyň bezemen sahnasynda geçirilen bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna eýjejik gyzjagazlaryň 12-si gatnaşyp, olar bäsleşigiň üç şerti boýunça özara bäsleşdiler. Zehinli gyzjagazlar aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, milli lybaslary geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmek ýaly ugurlar boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzjagazlaryň ýerine ýetiren aýdym – sazlarynda, şygyrlarynda ata Watanymyzyň, bagtyýar çagalygyň, mähriban enelerimiziň we bahar paslynyň waspy öz beýanyny tapdy. Çagalaryň päk kalbyndan çykýan buýsançly sözler Arkadag Prezidentimiziň adyna alkyş bolup ýaňlandy.

Bäsleşigiň üçünji şerti has-da gyzykly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Zehinli gyzjagazlar öz ýaş aýratynlygyna görä, ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň biragyzdan gelen netijesine görä, baş baýraga Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Enekäbe Akmämmedowa, 1-nji orna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 4-nji synp okuwçysy Mähriban Saparowa, 2-nji orunlara Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň H.Çaryýew adyndaky 2-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Merýem Hudaýnazarowa we Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 7-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Jeýran Merdanowa, degişlilikde 3-nji orunlara bolsa Balkan welaýatynyň Serdar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Merýem Täçmyradowa, Aşgabat şäheriniň Kerim Gurbannepesow adyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Şaperi Goçkarowa hem-de Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýşeker Esenowa dagylar mynasyp boldular.

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2021» atly şadyýan bäsleşikde öz deň-duşlaryndan has-da tapawutlanyp, ýeňiji bolan zehinli gyzjagazlara, şeýle hem bäsleşigiň jemleýji tapgyryna işjeň gatnaşan beýleki gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan ýadygärlik sowgatlardyr diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Şadyýan bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar kalby şatlykdan doly çagalar hakynda çäksiz alada edýän we olaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak hem-de ukyp başarnyklaryny açyp görkezmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän ýaşlaryň Hak Howandary Mähriban Arkadagymyzyň janyň sag, belent başynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Has köp suratlary «Multimediýa» bölüminde görüp bilersiňiz!

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.