18-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň kömekçi hojalyklarynyň işini kämilleşdirmek hem-de bu düzümleriň ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine goşýan goşandyny mundan beýläk-de artdyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada pikir alyşdy.
Wise-premýer Ç.Amanow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklary üçin bölünip berlen ýerleriň çyzgylary, olaryň tebigy aýratynlyklary barada giňişleýin maglumatlar berýän taslamalary görkezdi we bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna almanyň, armydyň, beýiniň, hurmanyň, garalynyň, erigiň, hozuň, pissäniň, zeýtunyň we beýleki miweli agaçlaryň, üzümleriň dürli görnüşleriniň nusgalary görkezildi. Mundan başga-da damjalaýyn suwaryş ulgamynyň görnüşleri, suw ýygnamak üçin niýetlenen howdanyň çyzgylary bilen tanyşdyryldy.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary özlerine degişli bolan kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň kömekçi hojalyklarynyň işini ösdürmegi, onuň çäklerinde gaýtadan işleýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmegi, harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygynyň sport we zähmet bilen utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde hurma nahalynyň çybygyny çyrpyp, bag nahallaryna ideg etmegiň ýazky möwsümine badalga berdi.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary harby düzümleri kämilleşdirmäge ägirt uly üns berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň öz öňlerinde goýan wezipelerini gyşarnyksyz hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp jülgäniň täsin tebigatynyň gözelligini aýratyn belledi we dag derelerinden akýan çeşme suwlaryny rejeli ulanmaga hem-de bu künjegi bagy-bossanlyga öwürmäge degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berip, bu ýerden ugrady.