Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda

Ýurdumyzyň ilatynyň Milli bahar baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. 2021-nji ýylyň 21-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta sişenbe gününe geçirmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 19-njy marty.