Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Mäh­ri­ban hal­kym!

Eziz wa­tan­daş­lar!

Sizi «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýetip gelen Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Nowruz baýramy mynasybetli berkarar ýurdumyzda guralýan baýramçylyk çäreleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny has-da şöhratlandyrjakdygyna, watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine, belent sepgitlere ruhlandyrjakdygyna ynanýaryn!

Ençeme müň­ýyllyklaryň dowamynda köp halklaryň durmuşynda asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip gelnen Nowruzy merdana ata-babalarymyz täze ýylyň başlanmagy hökmünde giň­den baýram edipdirler. Nowruzyň gelmegi bilen tebigat janlanyp başlaýar. Agaçlar pyntyklap, sahawatly sähramyz, boz meýdanlarymyz ýaşyl lybasa beslenýär. Halkymyzyň ekerançylyk bilen bagly gadymy däp-dessurlary Nowruz baýramynyň bellenýän günlerinde giň­den berjaý edilýär.

«Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş», «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň – ýaz» ýaly nakyllar bu günüň tebigatda ähmiýetiniň juda uludygyny görkezýär. Gözellige beslenen bahar paslynda babadaýhanlarymyz ýagşy arzuw-niýetler bilen topraga tohum sepip, täze hasylyň düýbüni tutmaga ykjam girişýärler.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem:

«Gel­se now­ruz äle­me, reň ky­lar ja­han peý­da,

Ebr­ler awaz urup, dag ky­lar du­man peý­da»

diýmek bilen, Nowruzyň çeper waspyny çuň­ňur manyly sözler bilen beýan edipdir.

Gündogar halklarynyň durmuşyna mäkäm ornaşan Nowruz türkmen halkynyň hem nusgawy edebiýatynda, dessanlarynda, halk döredijiliginde, däp-dessurlarynda giň­den şöhlelenýär. «Nowruzda täze zat geýseň, şol geýim bagt getirermiş», «Nowruzda ak ýürekden edilen arzuw hasyl bolarmyş» ýaly yrymlar Nowruzyň biziň halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerinde özboluşly orny eýeleýändigini doly subut edýär.

Ata-babalarymyzdan miras galan milli baýramlarymyz, däp-dessurlarymyz häzirki döwürde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň çyragyna öwrülip, täze many-mazmun, kämil öwüşginler bilen has-da ösdürilýär. Nowruz bilen baglanyşykly gadymy däplerimiz hem ajaýyp döwrümize laýyk ýörelgeler bilen baýlaşdyrylyp, ýokary guramaçylyk derejesinde bellenýän toý-dabaralarymyza aýratyn bezeg berýär. Häzirki döwürde Nowruz baýramy halkymyzyň gadymy taryhyny, medeni mirasyny, ruhy dünýäsini özünde jemläp, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna öwrülýär. Mäh­ri­ban hal­kym!

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen her ýylyň 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edildi. Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Bu taryhy wakalar Nowruzyň halkara ähmiýetini has-da artdyryp, dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ýardam berýär. Umumadamzat gymmatlyklaryny gorap saklamakda, halklaryň ynsanperwer, hoşniýetli däplerini kämilleşdirmekde, milli medeni mirasy baýlaşdyrmakda we giň­den wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giň­den baýram edilýän ýylynda hem Halkara Nowruz güni ýurdumyzda giň­den bellenýär. Nowruz baýramynda halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik bilen bagly däpleriniň berjaý edilmegi, gelin-gyzlarymyzyň halk döredijiligimiziň nusgawy görnüşleri bolan monjugatdylary, läleleri, öleň­leri, aýdyşyklary, hüwdüleri, gazallary ýerine ýetirmekleri, milli lybaslaryň, oba hojalyk önümleriniň sergileriniň guralmagy, dürli tagamlaryň taýýarlanyş usullarynyň görkezilmegi gadymdan gelýän medeni mirasymyzy giň­den wagyz etmekde, ýaş nesilleri watançylyk, millilik, belent ahlaklylyk we lebzihalallyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda giň­den bellenýän Milli bahar baýramy türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilige, dost-doganlyga, hoşniýetlilige we ynsanperwerlige esaslanýan milli ýol-ýörelgelerini has-da dabaralandyrýar, raýatlarymyzy belent maksatly tutumly işlere ruhlandyrýar. Nowruz baýramynyň alyslara ýaň salýan şatlyk-şagala­ňy, şowhuny buýsançly kalplarymyza bahar joşguny, ýaz ýakymy bolup dolýar.

Mäh­ri­ban hal­kym!

Eziz wa­tan­daş­lar!

Sizi Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde uly dabaralara beslenip bellenýän Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň ähli­ňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, täze zähmet üstünliklerini arzuw edýärin!

Goý, Nowruz baýramynyň şirin nagmalary, belent joşguny mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, agzybir halkymyzyň bagtyýar, abadan hem-de bolelin durmuşynyň waspy bolup ýaň­lansyn!

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.