Milli Liderimiz ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi

20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy.

Ir bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda bag ekmek üçin ýörite taýýarlanan ýere geldi.

Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we talyp ýaşlar garşyladylar.

Döwlet senasynyň dabaraly owazynyň astynda milli Tugumyz belende galdyryldy. Bu dabara ýurdumyzda Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgelerimiziň häzirki zaman ekologiýa syýasaty bilen utgaşýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde düýbi tutulýan täze seýilgähiň ilkinji bag nahalyny oturdyp, Milli bahar baýramynyň hormatyna geçirilýän köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabarasyna badalga berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň bu ýerde guralan asylly çärä gatnaşyp, bag nahalyny ekmegi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy we ol ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň döreden milli ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Şu ýyl 140 ýyllygy bellenilýän paýtagtymyzyň işewürlik we medeni-durmuş merkeziniň emele gelýän künjeginde täze döredilýän seýilgähiň çäklerinde guralan köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasyna gatnaşyjylar Arkadag Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag ekmäge girişdiler.

Türkmen artistleriniň – sazandalarynyň, aýdymçylarynyň, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary şu günki dabaranyň bezegine öwrüldi.

Göçgünli aýdym-sazlar hem-de tanslar tebigatyň täzelenişiň, parahatçylygyň, agzybirligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de dostlugyň nyşany bolan Milli bahar baýramynyň şanyna şan goşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabadyň 140 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralara beslenen ýylda asylly çärä gatnaşanlara işlerinde üstünlik arzuw edip bu ýerden ugrady.