Merkezi Aziýadan Balkana hem-de ýakyn Gündogara çenli aralykda ýaşaýan halklar tarapyndan üç müň ýyldan gowrak wagt bäri giňden bellenilip gelinýän Nowruz baýramy many-mazmun taýdan baýlygy, jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm ähmiýeti bilen hemmelerde uly gyzyklanmalar döredip gelýän baýramlaryň biridir. Bu baýram ilkinji nobatda, tebigatyň agyr gyş ukusyndan oýanyp, täzeden janlanyşyň – bahar paslynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Nowruzyň gelmegi bilen maldaryňam, daýhanyňam aladasy artýar. Çar ýanda joşgunly durmuş möwç urup başlaýar. Gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän pursady hem bu baýrama gabat gelýär.
Tapbiler pederlerimiz mal-garanyň, ekin-dikiniň ýagdaýyny Nowruzyň gelşinden çaklamagy inçelik bilen başarypdyrlar. Ata-babalarymyzyň dana paýhasynyň uşakgöz eleginde elenip, akyl pyýalasynda kümüş suwy çaýylan “Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli, ýaryň gelşi – sowgadyndan”, “Nowruz gelse, buz durmaz, halady geçen – gyz”, “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň – ýaz” ýaly häzire çenli gadyr-gymmaty egsilmeýän çuň mazmunly aýtgylar muňa doly güwä geçýär.
Halkymyz täze umyt-arzuwlaryň, ýagşy maksat-niýetleriň baýramy hasaplanylýan Nowruzy uly taýýarlyk bilen garşylapdyr. Köne öýke-kineleri unudyp, kalp arassalygyny dikeltmek arkaly garşylanan bu baýrama taýýarlyk işleriniň çäklerinde türkmen halky öý-ojaklaryny tämizlemeklige-de uly üns beripdirler. Ýowar edip, ýaplary arassalamak, köpçülik bolup bag nahallaryny oturtmak hem halkymyzyň Nowruz aladalaryna mahsus aýratynlyklarynyň biridir. Munuň özi umumy öýümiz hasaplanýan tebigata bolan bimöçber söýginiň tassyknamasydyr.
Bu baýram mynasybetli ýörite tagamlaryň taýýarlanyp, munuň mizemez durmuş ýörelgesine öwrülip, biziň günlerimize gelip ýetmegi halkymyzda Nowruz baýramyna bolan hormat-sarpanyň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýandygyna subutnamalaryň ýene-de biridir. Şol tagamlaryň arasynda semeniniň naýbaşy orunda durýandygy hemmämize mälim hakykatdyr. Aýratyn alada-teşwüşler bilen taýýarlanýan semeni üçin baýramçylykdan on, on bäş gün çemesi öňünçä ýörite gaplarda bugdaý däneleri ekilipdir. Ýyly ýerde saklanan däneler iküç günden şineläp, maýsalar baýramçylyk gününe çenli 5-7 santimetre çenli boý alypdyr. Maýsalardan semeni taýýarlamak zenanlaryň paýyna düşüpdir. Gazana atarylan semeniniň düýbi ýanmaz ýaly ony gijesi bilen bulap durmaly bolupdyr. Bu hysyrdyly işi aýal-gyzlar sanawaç aýdyşyp, henek atyşyp, monjugatdy oýnap, öleňlerdir küşdepdileri ýerine ýetirmek bilen, şatlyk-şowhuna besläpdirler. Taýýar bolan semenili gazanyň gapagyny ertesi irden il içinde sarpalanýan mährem eneleriň birine açdyrypdyrlar. Mizemez ynanja görä, gazanyň gapagyny ilki açan Äşe-Patmanyň barmaklarynyň yzyny görýärmiş.
Semeniden başga-da ýarma, unaş, köje, mäşewe, sütlaş, gaýnadylan ýumurtga ýaly tagamlar halkymyzyň baýramçylyk saçagynyň berekedine bereket goşup, olardan dadan adamlar il agzybirligini, ýurt abadançylygyny, ýylyň rysgal-bereketli bolmagyny arzuwlap, doga-dileg edipdirler.
Gözel ýaýlalarymyzyň ýaşyl begrese bürenip, gül-gunçaly sähralarymyza saýrak guşlaryň hoş owazy aýdym bolup dolanda toýlanylýan bu baýramçylygyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan adamzady parahatçylyga çagyrýan, dünýä halklaryny birek-birek bilen baglanyşdyrýan hem-de ýakynlaşdyrýan halkara baýram hökmünde ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa Milli bahar baýramynyň – Halkara Nowruz gününiň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Dünýäniň ruhy-medeni ösüşine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň kämil däp-dessurlaryny, durmuş tejribelerini, ahlak we ruhy gymmatlyklaryny, parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak ýaly umumadamzat üçin beýik ruhy gymmatlyklara öwrülen ynsanperwer ýörelgelerini özüne siňdiren Milli bahar baýramynyň – Halkara Nowruz gününiň wajyp ähmiýeti Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň mynasyp nesillerini terbiýelemekde hem bimöçberdir. Bu baýramyň hormatyna toýlanylýan giň gerimli dabaralara ýokary ruhubelentlik hem-de işjeňlik bilen gatnaşýan Arkadagly Diýarymyzyň bagtyýar ýaşlary halkymyza mahsus bolan ynsanperwer ýörelgelerden çuňňur ruhy ganalga tapýarlar. Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni olarda ruhy-medeni gymmatlyklarymyza bolan çäksiz buýsanjy joşdurýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uludan toýlanjak “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň belent ruhy bilen sazlaşjak bu baýramyň dürli dabaralary bagtyýar nesilleriň hem ýokary işjeňligi arkaly gurşalar. Şunuň ýaly möhüm terbiýeçilik ähmiýetli bu baýramy il göwnüne jaý edip toýlamak üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolup, bahar paslynyň Zemine bagyş edýän özgerişleri ýaly Berkarar Watanymyzy gülläp ösüşleriň ajaýyp mekanyna öwren beýik özgertmeleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy.