Halkara Nowruz güni uly ruhubelentlikde dabaralandy

21-nji martda halkymyz Halkara Nowruz gününi - Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlikde dabaralandyrdy. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri, aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşdy.

Paýtagtymyzda esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda guraldy. Baharyň gelmegi, tebigatyň janlanmagy mynasybetli guralýan we adamlaryň arasynda ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlugy alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan myhmanlar we beýleki adamlar ir bilen dabaralaryň geçýän ýerine ýygnandylar.

Garagum derýasynyň kenarynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary bilen utgaşdyryldy. Hatara düzülen ak öýleriň golaýynda toý gazanlary ataryldy. Haly düşelen sekilerde türkmen durmuşyna mahsus görnüşler emele geldi. Şeýle hem ýörite gurnalan ýerlerde senetkärleriň elinden çykan ajaýyp gap-gaçlar, gündogar bazarlaryna mahsus görnüşler baýramçylyk dabarasyny has-da belende göterdi. Bu ýerde gadymy döwürdäki ýaly şowhunyň, täjirleriň özara söwdalarynyň janlandyrylmagy, ýurdumyzyň sebitiň döwletleriniň arasynda söwda gatnaşyklaryny ýola goýmakda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar.

Baýramçylyk dabarasy geçirilýän meýdanyň esasy girelgesiniň ýanynda myhmanlary goşgy aýdýan çagalar “Nowruz buşlama” atly çykyşlary bilen garşyladylar.

Bu ýerde guralan baýramçylyk çärelerine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Baýramçylyk konsertinde “Galkynyş” folklor-tans topary dabaranyň şowhunyny artdyrýar. Olaryň gümmürdisi joşgunly tans bilen utgaşyp, Nowruzyň gelendigini, onda bereketli ýagmyryň topragyň sahawatyny artdyrýandygyny alamatlandyrýar. Toparyň agzalarynyň ýerine ýetiren derwüş tansy dabara gatnaşyjylara ýakymly täsir edýär.

Şeýle hem bu ýerde türkmen zenanlarynyň nepis sungaty hasaplanylýan haly önümleriniň sergisi guraldy. Onda ajaýyp halk däpleriniň işleri, muzeý gymmatlyklary görkezilýär.

Magtymguly Pyragynyň keşbindäki teatr artisti hem-de Berkarar döwrüň bagtyýar oglanjygy türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň goşgularyny okap, myhmanlary ajaýyp şygyrlar bilen garşylaýar. Şol pursatda Nowruzyň mähriban topragymyza gelendigi baradaky aýdym ýaňlanýar. Oňa dabara gatnaşyjylaryň hemmesi goşulýar. Ýurdumyzyň “Aşgabat”, “Meňli”, “Näzli” meşhur tans toparlarynyň bilelikdäki çykyşlary aýdym-sazlar bilen utgaşyp, dabaranyň şowhunyny has-da belende göterýär.

Teatryň artistleri ylmyň ösüşlerini, onuň taryhy sahypalaryny, filosofiýanyň, lukmançylygyň, matematikanyň, astronomiýanyň ösüşine ägirt uly goşant goşan Gündogaryň belli alymlarynyň keşplerini janlandyrdylar.

Garagum derýasynyň ýakasynda ýerleşen jykyryň ýanynda Türkmenistanyň Döwlet hory “Ak derýam” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Soňra bu ýerde älemgoşar şekilinde döredilen binanyň ýanynda tans we döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Soňra bu ýerde gurnalan baş sahnada baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy.

Soňra bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary boldy. Konsertiň maksatnamasyna edebi-sazly we folklor-etnografiýa, tans toparlarynyň çykyşlary, halk aýdym-sazlary, Magtymguly Pyragynyň arzuw eden berkarar döwrümizi wasp edýän estrada aýdymlary girizildi.

Belent başly hiňňildiklerde uçýan ýaşlaryň şadyýan sesleri baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy. Bu görnüşler halkymyzyň täzelenişi, milli bahar baýramyny uly ruhubelentlik bilen garşylaýandygyny we şanly sene bilen ýagşy umyt-arzuwlaryny baglanyşdyrýandygyny alamatlandyrdy.

Ajaýyp “Küştdepdi” aýdym-saz dessury dabaranyň jemini jemledi. Ýaşlar joşgunly tansyň üsti bilen durmuşyň bezegi bolan ajaýyplyklary, nurly güneşi, bahar paslyny wasp etdiler.