22-nji martda – baýramçylyk güni ir bilen özüniň boş wagtlaryny sport bilen meşgullanmaga hem-de döredijilik işlerine sarp etmegi ýola goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.
Döwlet Baştutanymyz kalbyňa joşgun berýän bu habara begenip, täze doglan taýçanagyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan alajasyny daňdy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze doglan taýyň eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynda dünýä inmeginiň buýsançly wakadygyny belledi.
Milli atşynaslyk ulgamynda täze doglan at taýa at dakylanda, onuň atasynyň ady bilen utgaşdyrmak däbiniň bardygyny bellemek gerek. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Akhanyň adynyň birinji harpyna laýyklykda we ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna bu taýçanaga Aşgabat diýip at goýdy.
Munuň özi uly zähmet ýeňişlerine, şanly senelere beslenip gelen ýylda ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň şanyna bildirilen hormatdyr. Şeýlelikde, Akhan bilen Lälegyzyň taýyna Aşgabat ady dakyldy.
Mälim bolşy ýaly, şöhratly Gyrsakaryň ugruna degişli Akhan 2006-njy ýylda doguldy. Arkadag Prezidentimiziň seýisläp ýetişdiren bu bedewi ýyndamlygy, gözelligi bilen ahalteke bedewleriniň şöhratyna şöhrat goşdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Akhan bedewi bilen ýurdumyzyň birnäçe toý-baýramlaryna gatnaşdy. Aýratyn-da, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dabaralarda şöhratly Akhana möhüm orun degişli boldy.
Bu gün pederlerimizden miras galan asylly atşynaslyk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwrebap derejede ösdürilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Akhanyň çarpaýa galmagy bilen, paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy.
2018-nji ýylda bolsa Akhan çarpaýa galyp, artky aýaklarynda ýöremekde 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçip, bäsleşigiň bu görnüşi boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň has-da belende galmagyny we Akhanyň gazanýan ýeňişleriniň halkara derejede ykrar edilmegini şertlendirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Şapolat atly mele bedewi athanadan çykardy we onuň bilen birsellem gezim etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki iş otagynda döredijilik bilen meşgullandy. Hormatly Prezidentimiz ak mermerli paýtagtymyzyň taryhyna hem-de häzirki döwürde ýeten derejesine, berkarar bolmagyna bagyşlanan “Aşgabat” atly kitabynyň soňky babyny ýazmaga girişdi.
Döwlet Baştutanymyz täze kitabynda Aşgabadyň taryhyna, şäherde asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň ösdürilýändigi, paýhasly pederlerimiziň döreden gymmatlyklaryna hem-de halkymyzyň asylly däp-dessurlaryna aýratyn ähmiýet berilýändigi bilen bagly maglumatlary bir ýere jemledi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabada bagyşlanan eseri döredýän wagtynda ylmy maglumatlara we ygtybarly edebi çeşmelere esaslanyp, türkmen halkynyň baý taryhyny, il arasynda ýörgünli rowaýatlary, halk döredijiliginiň eserlerini içgin öwrenýär. Bu bolsa täze işiň gymmatyny hem-de ähmiýetini artdyrýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, çeper döredijilik bilen meşgullanmak adama ägirt uly ruhy lezzet, ylham joşgunyny berýär.
Diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, birnäçe daşary döwletleriň senenamasynda möhüm orun eýeleýän Halkara Nowruz gününiň bellenilýän hem-de Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde täze taýçanagyň dünýä inmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylhamyny joşdurdy. Bu bolsa göwnejaý derejede fotosuratlar bilen bezelen “Aşgabat” atly täze kitaba bu baradaky maglumatlary girizmek höwesini oýardy.
Döwlet Baştutanymyzyň şatlykly pursatlara ylhamy joşup, “Ak şäherim Aşgabat” atly goşgyny döretdi we ony hem täze kitapda ýerleşdirmegi makul bildi.