23-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Bedew batly öňe barýar, Arkadagly Türkmenistan!” atly çäre geçirildi.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Önümçilik atçylyk bölüminiň uly atbakary N.Rahymowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet sylagyny hem-de şa serpaýyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Milli Liderimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ussat atbakara “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly at dakyldy.
N.Rahymow mynasyp bolan sylag-serpaýlaryny buýsanç duýgusy hem-de tolgunma bilen kabul edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tutanýerli zähmetine beren ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny artdyrmaga hem-de tohum aýratynlyklaryny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň seýisleriniň mynasyp neslini ýetişdirmäge geljekde hem önjeýli goşandyny goşjakdygyna ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp bedewlerimize uly söýgi bilen garaýşy, olara dynç alýan wagtynyň pursatlaryny bagyşlap, öz edebi eserlerinde beýan edişi hemmämize mälimdir, munuň özi ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny has-da belende galdyrýar. Milli Liderimiz işden boş wagtlary bedewler bilen yzygiderli didarlaşyp, olar bilen gezim edýär.
Ine, ýakynda hem, 22-nji martda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy, bu ýerde milli Liderimize ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Ony milli Liderimiziň hut özi seýisläp ýetişdirdi.
Döwlet Baştutanymyz ak mermerli paýtagtymyzyň ýetip gelýän 140 ýyllygynyň hormatyna Akhanyň we Lälegyzyň taýyna Aşgabat diýip at goýdy.
“Bedew batly Türkmenistan!” atly edebi aýdym-sazly maksatnama “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen aýdym, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýelden ýüwrük bedewlerimize bagyşlanan goşgulary, Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň hem-de ençeme beýleki sahna ussatlarynyň çykyşlary girizildi.
Belli artistler, sungat işgärleri, ýazyjylar we žurnalistler, şeýle hem atşynaslar, öz çykyşlarynda Diýarymyzyň atçylyk pudagynyň ösdürilmeginiň ygtybarly binýadyny goýan hem-de türkmen bedewleriniň şöhratyny dünýä ýaýýan, ýurdumyzyň atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän milli Liderimize çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Dabara tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli mirasymyzyň aýawly saklanylmagy we baýlaşdyrylmagy ugrunda edýän tagallalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi. Ýelden ýüwrük ahalteke bedewi – türkmen seýisleriniň asyrlaryň dowamynda kemala getiren sungaty bolsa şol mirasyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr.