Aşgabat – 140 ýyl: halkara derejeli sport merkezi

Ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny hem-de Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabadyň 140 ýyllygyny giňden baýram etmäge taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik zehininiň miwesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly nyşanyna öwrülen baky juwan, kalplary gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan bu şäher Türkmenistanyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Paýtagtymyz berkarar döwletimiziň kemala gelşiniň esasy tapgyrlaryny, rowaýatlara dolan geçmişini we şöhratly şu gününi beýan edýär.

Soňky ýyllarda işjeň syýasy, işewür, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň jemlenen ýeri bolan Aşgabat eziz Diýarymyzyň baş şäheri diýen belent derejesine laýyklykda, dünýä sportunyň iri merkezine hem öwrüldi. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem milli Liderimiziň başyny başlan täzeçil şähergurluşyk strategiýasy netijesinde, ýokary halkara ölçeglerine laýyk derejede enjamlaşdyrylan sport we atçylyk sport toplumlary, döwrebap awtodromlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli guruldy, şolar dünýäniň täze çempionlaryny terbiýelemäge hem-de Olimpiýa ätiýaçlygynyň kemala getirilmegine ýardam berýär.

Has uly sport desgalarynyň hataryny örän gysga möhletiň içinde iri ugurdaş desgalar artdyrdy, şolaryň häzire çenli sebitde deňi-taýy ýokdur. Şol desgalaryň hatarynda Olimpiýa şäherjigi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy, 20 müň tomaşaça niýetlenen “Aşgabat” köpugurly stadion hem-de beýlekiler bar. Paýtagtymyzyň bezegine öwrülen bu sport desgalary ýurdumyzyň täze sport üstünliklerine tarap ynamly gadamynyň alamatyna öwrüldi.

Ýeri gelende aýtsak, köpugurly “Aşgabat” stadiony 2012-nji ýylyň oktýabrynda ýurdumyza gelen hem-de şol döwürde Ýewropanyň Futbol assosiasiýalary birleşiginiň (UEFA) prezidenti Mişel Platininiň iň ýokary bahasyna mynasyp boldy. XX asyryň ady rowaýata öwrülen fransuz futbolçysy bu ajaýyp sport desgasynda netijeli türgenleşmek bilen birlikde, yklym derejesindäki iri ýaryşlary hem geçirip boljakdygyny belledi. M.Platini bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiziň sportuň ösdürilmegine işjeň gatnaşygynyň, gürrüňsiz suratda, Türkmenistany sport ýyldyzlarynyň dogýan ýurduna öwürjekdigini nygtady. Bu öňdengörijilik bilen aýdylan sözlere öwrüldi...

Türkmenistan Halkara Olimpiýa hereketiniň hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) agzasy bolmak bilen, halkara olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşandyny goşýar. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti bolup durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň ösdürilmegine goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin AOG-niň ýokary sylagyna – Hormat ordenine mynasyp boldy.

2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň – şeýle wekilçilikli derejedäki ýaryşlaryň Merkezi Aziýanyň taryhynda ilkinjisiniň geçirilmegi barada Aziýanyň Olimpiýa geňeşi tarapyndan taryhy çözgüdiň kabul edilmegi halkara sport jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistana bolan ýokary ynamyň, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de wagyz etmek işinde ýurdumyzyň we milli Liderimiziň hyzmatlarynyň, halkara sport hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşandyň ykrar edilýändiginiň nyşany boldy.

“Saglyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygar astynda geçen Aziadanyň tapawutly aýratynlygy Aziýanyň 45 ýurtdy bilen bir hatarda, ýaryşlara ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletinden türgenleriň gatnaşmagyndan ybarat boldy. Oýunlaryň şeýle görnüşde geçirilmegi dünýäniň sport hereketiniň taryhynda täze sahypany açyp, Ýer ýüzüniň dürli böleklerinde millionlarça adamlaryň bähbitlerine bu hereketiň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam berdi. Milli ýygyndymyz bu abraýly ýaryşlarda çykyş edip, umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýelemek bilen, Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp gorady.

40-a golaý desgalary özünde jemleýän paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigi Aziýanyň oýunlarynyň geçirilen ýeri boldy.

Bu sport toplumynyň oýlanyşykly gurlandygyna we onuň yglan edilen Olimpiýa derejesine kybap gelýän ýokary derejede enjamlaşdyrylandygyna Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah hem ýokary baha berdi. AOG-niň ýolbaşçysynyň Türkmenistana saparlarynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyklarynyň dowamynda nygtaýşy ýaly, ol şeýle derejeli we iri möçberli Olimpiýa şäherjigini ilkinji gezek görýär we şunda zerur bolan ähli desgalar – sport desgalary-da, saglygy goraýyş, tehniki, medeni we ýaşaýyş toplumlary-da, ýerlikli ýerleşdirilipdir.

Şu ýerde Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň şobada ikisiniň: dünýäde üsti ýapyk suwda ýüzülýän iň uly howuz hökmünde sportuň suw görnüşleriniň merkeziniň hem-de Olimpiýa stadionyny bezeýän atyň şekiliniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini belläp geçmek ýerlikli bolar.

Mälim bolşy ýaly, Aziada taýýarlyk görmegiň çäklerinde, 2016-2017-nji ýyllarda AOG-niň talaplaryna laýyklykda, Olimpiýa şäherjiginde synag ýaryşlary – sambo, türkmen milli göreş we guşakly göreş, jiu-jitsu boýunça Aziýanyň çempionatlary, tennis, ýeňil atletika, basketbol we suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşlary guraldy. Ähli ýaryşlarda ýurdumyzyň ýygyndy toparlary umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler.

Ýurdumyz abraýly ýaryşlary guraýjy hökmünde iň ýokary halkara derejesindäki sport ýaryşlary kabul edip bilýän sport döwleti derejesinde eýeleýän ornuny berkitdi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda geçirilen “Amul-Hazar” halkara awtoralli ýaryşy hem-de agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň sport abraýynyň has-da artmagyna ýardam edip, türkmen we dünýä sportunyň taryhyna täze ajaýyp sahypalary ýazdy.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi baýram etmek hakynda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi hem ählumumy rowaçlygyň, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan sport diplomatiýasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan goldaw tapýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

2018-nji ýylda bu halkara baýramy mynasybetli Aşgabatda dünýä rekordy hökmünde hasaba alnan “Welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy” guraldy. Şondan bir ýyl soň, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde 2019 adamyň gatnaşmagynda “Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş” geçirildi. Bu hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 2020-nji ýyl 12 kilometrlik welosipedli ýörişden başga-da, Aşgabadyň täze gözelligine öwrülen belent “Welosiped” binasynyň açylmagy bilen ýatda galar.

Ýurdumyz we paýtagtymyz üçin “Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen çuňňur özboluşly şygar astynda geçýän şanly 2021-nji ýyl dünýä sportunyň taryhyndaky nobatdaky möhüm wakalara beslener. Aşgabat Aziýanyň we Okeaniýanyň IV topar zolagynda Dewisiň Kubogy ugrunda tennis boýunça halkara ýaryşynyň saýlama tapgyryna hem-de welotrek boýunça dünýä çempionatyna köp sanly gatnaşyjylary kabul eder. 2022-nji ýylda bolsa Türkmenistanda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Öňde boljak bu ýaryşlar ýene-de bir ajaýyp sport baýramçylygyna öwrülip, halkara Olimpiýa hereketiniň döredijilik we ynsanperwer maksatlaryna doly kybap gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge hem-de Watanymyzyň we halkara derejesindäki sport merkezi hökmünde gözel paýtagtymyz Aşgabadyň abraýyny has-da belende götermäge ýardam eder.