24-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalaryň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz ir bilen ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde sil suwuny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine geldi.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew alnyp barylýan sil suwlaryny sowujy akabalaryň we suw toplaýjy desgalaryň gurluşyk işleri, şeýle hem diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş gündogar halklarynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýerleşdiriljek ýerleri, onuň töwereklerini abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi hem-de bu işler barada giňişleýin maglumat berýän taslamalary we çyzgylary görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar we çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Hormatly Prezidentimiz dostluga, watansöýüjilige, merdanalyga çagyrýan ajaýyp eserleri bilen dünýäde meşhur bolan Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine laýyk gelmelidigini belledi.
Milli Liderimiz Aşgabadyň taryhynyň dürli döwürlerinde döredijilik işgärleriniň, aýdymçylaryň we kompozitorlaryň täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny belläp, bu ýerde, Giňdiwaryň eteginde Magtymguly Pyragynyň toplumy ady bilen döredijilik işgärleri üçin niýetlenen merkeziň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Şeýle hem, häzirki döwürde bu künjekde sil suwlaryny sowujy akabalaryň gurluşy dowam edýär. Şeýlelikde, bu ýerde umumy uzynlygy 52 kilometre barabar bolan akabalar gurlar. Tebigy sil suw akabalarynyň durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar. Bu ýerleriniň sil suw akabalaryny Garagum derýasynyň demirgazygyndaky suw akabasyna birikdirilýär. Şeýlelikde, jemlenýän sil we ýagyn suwlary bir bitewi ugra birigip, “Altyn asyr” Türkmen kölüne tarap gidýän akaba goşular. Toplumyň gurluşygynyň hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleriniň Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýetine ynanylandygyny bellemek gerek. Häzirki döwürde sil suwlaryny sowujy akabalaryň gurluşygynda tehnikalaryň 900-si ulanylýar. Şolardan 100 tehnika gurluşygy ýerine ýetirýän düzüme degişli bolup, galan 800 tehnika ýurdumyzyň şahsy taraplaryna degişlidir.
Döwlet Baştutanymyza sil suw akabalarynyň gurluşyklarynyň şekil taslamalary, şeýle hem, akabalaryň ugrunda ýerleşdirilýän suw saklaýjy desgalaryň, olaryň geçjek ugurlaryny, awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýerleşjek ýerleri barada maglumat berýän çyzgylar görkezildi.
Wise-premýer Ş.Durdylyýew sil suwlaryny sowujy akabalaryň ugrunda uly göwrümli howdanlaryň döredilýändigi, onda siliň getiren daşlarynyň owradylýandygy, şeýlelikde, sil suwlary süzülip, arassa suw alynýandygy barada giňişleýin maglumatlar berdi. Işler dünýäniň ösen tejribesi ulanylyp, alnyp barylýar, ýurdumyzyň alymlary ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul edýärler. Sil suwlaryny sowujy akabalarynyň ugrunda jemi suw toplaýjy desgalaryň 10-a golaýy bina edildi.
Döwlet Baştutanymyz desgalar, aýratyn-da, sil suw akabalary gurlanda we olaryň taslamalary düzülende olaryň ýokary hiline, uzakmöhletligini üpjün etmek üçin ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi we amala aşyrylýan işlerde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.