24-nji martda Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlise birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Adalatçy, şeýle hem ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň wekilleri, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin Sebit wekili hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna Türkmenistanda adam hukuklary boýunça hereketleriň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi, bu meýilnama 2016-2020-nji ýyllarda üstünlikli durmuşa geçirilen şeýle meýilnamanyň dowamydyr. Hereketleriň täze Milli meýilnamasy jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň häzirki zaman wezipeleriniň Durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşyklylykda ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.
Gün tertibine girizilen esasy meseleleriň hatarynda “Halkara ynsanperwer hukugynyň ornaşdyrylmagy babatyndaky 2021-2023-nji ýyllar üçin geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň” taslamasy hem bar. Bu meýilnama Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan taýýarlanyldy. Bu resminama-da 2018-2020-nji ýyllarda amala aşyrylan degişli meýilnamanyň dowamydyr. Pudagara toparynyň agzalarynyň teklipleri nazara alnyp taýýarlanylan bu Meýilnamanyň taslamasynda degişli ulgamda ilatyň habardarlylygyny ýokarlandyrmak, halkara ynsanperwer hukugyny durmuşa geçirmek ulgamynda işleýän döwlet gullukçylarynyň, hünärmenleriň bilimlerini artdyrmak boýunça çäreleriň toplumy göz öňünde tutuldy.
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky Guramasynyň (ÝUNESKO) ýöriteleşdirilen edarasy hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýatlaryny pugtalandyrmak aýratyn ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy, soňky ýyllarda bu düzümler bilen bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatda ÝUNESKO hem-de ÝHHG bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda aýratyn orun berilýändigini nygtap, bu düzümler bilen hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Pudagara toparynyň agzalarynyň garamagyna kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen alnyp barylýan toplumlaýyn işleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy namalary kämilleşdirmek boýunça teklipler hem hödürlenildi.
Şunda jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de umuman, raýat jemgyýetiniň ýaşlary terbiýelemek boýunça geçirýän çärelerini işjeňleşdirmegiň möhümdigi aýdyldy. Ýaş nesliň durmuş abadançylygy hem-de hukuklarynyň we bähbitleriniň üpjün edilmegi, ýaş türkmenistanlylary milli hem-de umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, maşgala ýörelgelerini pugtalandyrmak, ýurdumyzda çagalar babatynda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek BMG-niň Çagalar gaznasy –ÝUNISEF bilen bu ugurda bilelikde durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň wezipeleridir.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, migrasiýa, dine uýmak azatlygy we beýleki ulgamlarda adam hukuklaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmak boýunça Pudagara toparynyň ýanynda Iş toparyny döretmek hakyndaky teklip öňe sürüldi.
Mejlisde adam hukuklary we ynsanperwer hukugy ulgamynda beýleki möhüm meselelere hem garaldy.